ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Facebook Eýran bilen ilteşikli hasaplaryň birnäçesini öçürdi

0
Facebook sosial ulgamy Eýrandan dolandyrylyp, syýasy bölünişik meselelerini gozgaýan hasaplaryň öçürilendigini aýtdy. Maglumata görä, bu hasaplaryň Britaniýada we ABŞ-da millionlarça yzarlaýjasy bolupdyr.


Sosial ulgam läheňi Facebookdan we Instagramdan 82 “galp” hasabyň öçürilendigini aýtdy.


Facebook öçürilen hasaplaryň ABŞ-da 6-njy noýabrda geçirilmeli kongres saýlawlarynyň öňüsyrasynda jynsparazlyk, migrasiýa, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýaly meseleleri gozgap, “bölünişigi ornaşdyrmagy” maksat edinendiklerini belledi.


Facebook hasaplaryň arasyndaky koordinirlenen hereketlere geçen hepde üns berendigini we olaryň öňüni almak ugrunda dessine çäre görendigini aýtdy.