ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Pakistanda sekiz çagany öldürmekde aýyplanýan dardan asyldy

0
Pakistanda pedofiliýada, ýagny çagalara jynsy zorluk etmekde we sekiz çagany öldürmekde aýyplanýan jezalandyrylyp öldürildi.


Mohammad Imran Lahoredäki türmeleriň birinde dardan asyldy. Bu çärä öldürilen çagalaryň biriniň kakasy – Amin Ansari hem gatnaşdy.


Ýanwar aýynda Ansariniň ýedi ýaşly gyzy Zeýnebiň zorlanyp, soňy bilen hem öldürilmegi halkara derejesinde nägileligi döredipdi.


Imran ýanwarda Zeýnebiň jesedi Lahoredäki zir-zibil zyňylýan ýerde tapylanyndan iki hepde soň tussag edilipdi. Polisiýa Zeýnebiň ilki zorlanandygyny, soňy bilen-de bogulyp öldürilendigini aýtdy.


Soragyň dowamynda, Imran başga-da ýedi çagany zorlap öldürendigini boýun alypdyr.


Pakistanda her ýyl 3 müň 500 töweregi çaga jynsy zorluklara sezewar edilýär diýip, Sahil haýyr-sahawat topary maglumat berýär.