ru24.pro
World News in Turkmen
Август
2018

Türkmenistanda AHHG sammiti geçiriler

0
Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammiti geçiriler.


Sammit 24-nji awgustda geçiriler.


Sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gelmegine garaşylýar.


Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Daşkentde esaslandyrylypdy. Onuň maksady Aral basseýnindäki sosial-ykdysady we ekologiki ýagdaýlary gowulandyrmakdan ybaratdyr.


Bellesek, maý aýynyň aýagynda güýçli ýel guraýan Aral deňzinden duzly tozany getirdi we Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşogzyň hem gündogar welaýaty Lebabyň ekin meýdanlaryny örtdi.