ru24.pro
World News in Turkmen
Август
2018

Nawalnyý pensiýa reformasyna garşy protestlere çagyrdy

0
Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnyý hökümetiň pensiýa ýaşyny artdyrmak planlaryna garşy öňümizdäki aýda demonstrasiýalary geçirmäge çagyrdy.


Nawalnyý YouTube saýtynda ýerleşdiren wideosynda 9-njy awgustda, ýerli saýlawlaryň geçirilýän güni, köpçülikleýin ýörişleri geçirmäge çagyrdy.


Rus hökümeti erkekleriň pensiýa çykmak ýaşyny 2028-nji ýyla çenli 65 ýaşa, aýallaryňkyny hem 2034-nji ýyla çenli 63 ýaşa çenli çykarmagy maksat edinýär.


Bu planlar geçen aý yglan edilenden soň, ýurtda gahar-gazap döredi. 28-nji iýulda gurnalan protestlerde on müňlerçe adam köçelere çykyp, öz nägileligini bildirdiler.