ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2018

Nursoltan Nazarbaýewiň 'möhüm beýanat' bilen çykyş etmegine garaşylýar

0
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 9-njy ýanwarda halka ýüzlenmesi bilen telewideniýede çykyş eder diýip, onuň metbugat wekili aýtdy.


Gazagystanyň mediasyna görä, Aidos Ukibai Nazarbaýewiň “möhüm beýanat bilen çykyş etjekdigini” belläpdir.


1989-njy ýyldan bäri Gazagystany dolandyrýan 77 ýaşly Nazarbaýew halka ýyllyk ýüzlenmeleri üçin her ýyl dürli wagty saýlaýar.


2017-nji ýylda Nazarbaýew ýyllyk çykyşyny 31-nji ýanwarda edipdi.


Birnäçe gün öň Nazarbaýew öz ygtyýarlygynyň bir bölegini parlamente we hökümete bermek planyny mälim edipdi.