ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2018

Ak Tam Kremliň Meksikanyň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşýandygyny aýtdy

0
Ak Tamyň resmisi Kremliň Meksikanyň 2018-nji ýylda geçirjek prezidentlik saýlawlaryna goşulmak boýunça çylşyrymly kampaniýasyna başlandygyny aýtdy.


Meksikanyň “Reforma” atly neşriniň 7-nji ýanwarda habar bermegine görä, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi H.R. MakMasteriň dekabrda Waşingtondaky Jamestown fondunda eden çykyşynyň wideosynda bu barada mälim edilipdir.


MakMaster 15-nji dekabrda eden çykyşynda Meksikanyň iýul aýyna bellenen saýlawlaryna Orsýetiň goşulmagynyň subutnamalarynyň eýýäm bardygyny aýtdy.


“Biz munuň demokratik jemgyýetleri bölmek we munuň bilen şol jemgyýetleri bir-birine garşy goýmak boýunça çylşyrymly tagalladygyny görýäris” diýip, MakMaster aýtdy, emma güman edilýän goşulyşmak hereketiniň nämeden ybaratdygyny anyklaşdyrmady.


MakMaster ABŞ-nyň hökümetiniň Kremliň propagandany we dezinformasiýany ýaýratmak üçin ösen kiber gurallary ulanmagyna aladalanma bildirýändigini aýtdy.


Reuters agentligi MakMasteriň edarasynyň bu maglumaty dessine kommentirlemändigini aýtdy. Kreml tarapyndan hem kommentariý bolmady.