Türkmenbaşyly alyjylar 'arzan' ýagyň 'gymmat' miwe suwy bilen satylmagyna açyk garşylyk bildirdiler
Türkmenbaşyda hyrydary köp bolan günebakar ýagy geçmeýän önümler bilen bilelikde satylýar. Döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümiň nyrhy alyjylara tas üç esse gymmada düşýär.
Bir litrlik gaby 18 manatdan bahalanýan günebakar ýagy Türkmenbaşynyň döwlet dükanlarynda satuwda peýda boldy.
Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, satuwa çykarylan ýagy diňe başga bir haryt bilen bilelikde satyn alyp bolýar. Hususan-da 1-nji döwlet dükanynda 1 litr ýag alana bahasy 30 manatlyk Türkiýede öndürilen miwe suwy berilýär. Şeýlelikde 1 litr günebakar ýagy we 1 litr miwe suwy alyja jemi 48 manada düşýär.
Günebakar ýagynyň 1 litriniň 18 manatlyk bahasy döwlet tarpyndan kesgitlenen ýeňillikli nyrh hasaplanýar. Hususy dükanlarda 1 litr ýagyň ortaça bahasy 35 manada barabar.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, 6-njy noýabrda 1-nji döwlet düknynyň öňüne 1 müňe golaý adam toplanydyr. Türkmenbaşynyň döwlet dükanyndaky ýag söwdasy alyjylarda garşylyk döredipdir, baran adamlar özlerine zerur azygyň ýanyna gerekmejek gymmat harydyň ýüklenmegine açyk nägilelik bildiripdir.
"Şäher ilaty 1-nji döwlet dükana baranda 18 manatlyk ýagy almak üçin goşmaça şerti görüp, tas hiç kim ýag satyn almady. Gaýtam dükana ýygnalan aýallar dükan satyjysyny we polisianyň üç ofiserlerini tutup ýençdiler" diýip, habarçymyz gören ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Habarynyň sözlerine görä, adamlar döwlet dükanynda satylýan ýag üçin möhleti geçen şireli suwlaryň gymmat bahadan satylmagyny galplyk diýip atlandyryp, söwda işgärlerini halkyň mätäçliginden peýdalanmakda aýyplapdyr.
"Öňde duran aglabasy aýallardan ybarat topar 'hakyňyz ýok, etrap alyjylar jemgyýetiniň korrupsion oýunlary halka agram salýar' diýip, gygyrdy. Dükançynyň we şu etrapça jogap berýän uçaskowyý polisiýa ofiserleriniň adamlara beren gaýtargysy ýakalaşma sebäp boldy" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, dükan satyjy we polisiýa işgärleri ýagyň gapdalyndan has gymmat harydyň ýüklenmeginiň sebäbini düşündirip bilmändir we özleriniň alaçsyzdygyny aýdypdyr.
Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri alyjylaryň baş jem bolup, öz hakyny talap edendigini we nägileligini açyk görkezendigini belledi.
"Adamlaryň köpdigi sebäpli ne tiz kömek, ne-de polisiýanyň ýardamçy toparlary girip bildiler. Adamlar agzybir bolup jemlenişip, biz etdik diýip duransoň, etrap kanun goraýjylar ýakalaşygyň döremegi bilen bagly günäni diňe satyjy we 3 polisiýa ofiserinde goýmakdan başga çäre tapmadylar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Bu ýagdaýyň netijesinde dükan wagtlaýyn işini togtadypdyr we onuň gapysy möhürlenipdir.
Azatlyk Radiosy Türkmenbaşynyň 1-nji döwlet dükanynda bolan ýagdaý barada şäheriň söwda wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda günebakar ýagy oktýabryň başynda birden esli gymmatlap, yzýany satuwdan aýrylypdy. Iki hepdeläp günebakar ýagynyň hiç bir görnüşi ne döwlet dükanlarynda, ne-de hususy söwda nokatlarynda boldy. Oktýabryň ortalarynda günebakar ýagy gaýtadan satylyp başlady we öň 18 manada duran arzan ýagyň bir litri 36 manatdan satyldy, daşary ýurtly ösümlik ýagynyň bahasy 68 manada çenli ýetdi.
Türkmen häkimiýetleri ösümlik ýagynyň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň sebäplerini düşündirmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.