“Belavia” Minsk, Türkmenbaşy arasyndaky gatnawlaryny ýygjamladýar
Belarusuň “Belavia” awiakompaniýasy Minsk, Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri resmi maglumata salgylanyp habar berýär.
23-nji noýabrdan başlap, Minsk bilen Türkmenbaşynyň arasyndaky uçar gatnawy hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günleri ýerine ýetirerler.
Senbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 9:30-da uçar we Türkmenbaşy şäherine ýerli wagt bilen sagat 15:35-de gonar.
Sişenbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 22:45-de uçar we Türkmenbaşy şäherine ertesi gün sagat 04:50-de gonar.
Uçuşlar “Embraer-195” uçarlarynda amala aşyrylar, uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minuta barabar diýip, habar bellenýär.