Özbegistanda baýramçylyklardan öň 400-e golaý tussagyň günäsi geçildi
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Nowruz we Ramazan baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda 392 tussagyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi diýip, prezidentiň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda aýdylmagyna görä, 223 tussag esasy jezalaryndan doly boşadyldy, 82 tussag şertli ýagdaýda boşadyldy, 34 tussagyň jezalary ýeňil jezalar bilen çalşyryldy we 53 tussagyň jeza möhletleri azaldyldy.
Günäsi geçilenleriň arasynda üç daşary ýurt raýaty, 26 aýal, 60 ýaşdan ýokary 14 erkek we 30 ýaşdan kiçi 166 adam bar.
Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda öň gadagan edilen guramalaryň işine gatnaşan 24 adam hem bar.
