Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Hytaýa sapar edýär
Türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow 17-19-njy mart aralygynda, Hytaýyň başlygy Si Szinpiniň çakylygy bilen, Hytaýda dostlukly saparda bolar diýip, "Sinhua" habar agentligi 16-njy martda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekiline salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty häzirlikçe bu sapar barada hiç maglumat bermeýär.
Türkmen metbugaty Gurbanguly Bedimuhamedowyň fewral aýynda Birleşen Ştatlara eden öňünden yglan edilmedik sapary barada hem beýleki habar setişdelerinden soň habar beripdi.
