ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ-nyň Ormuz bogazy boýunça gämi gorag koalisiýasyny yglan etmäge ýakyndygy aýdylýar

0

Birleşen Ştatlar Ormuz bogazy arkaly geçýän gämileri goramak üçin koalisiýa döredilýändigini yglan etmäge ýakynlady diýip, The Wall Street Journal we Axios neşirleri habar berdi. Şol bir wagtyň özünde Eýran boýun egmäge taýýar däldigini aýdýar.

WSJ 15-nji martda atlandyrylmadyk amerikan resmilerine salgylanyp, “Tramp administrasiýasy şu hepdäniň özünde birnäçe ýurduň Ormuz bogazy arkaly geçýän gämileri eskort etjek koalisiýa döretmäge razy bolandygyny yglan etmegi meýilleşdirýär” diýip ýazdy.

Habarda bu meseläniň henizem maslahatlaşylýandygy we missiýanyň söweş meýdanyndaky ýagdaýlara baglylykda üýtgäp biljekdigi nygtalýar. Şeýle hem mümkin gatnaşyjylaryň şeýle missiýanyň haçan başlanmalydygy barada hem pikir alyşýandygy bellenilýär, ýagny bu söweş hereketleri dowam edýän mahalymy ýa-da diňe ok atyşylygyň bes edilmeginden soňraky döwürde amal edilmeli.

Axios neşiri hem soňra dört çeşmä salgylanyp, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň geljek hepde koalisiýa baradaky bildirişi etmäge umytlydygyny habar berdi. Şeýle hem onuň, bogazda gatnaw petikli saklansa, 13-nji martda amerikan güýçleri tarapyndan bombalanan, Eýranyň strategik Harg adasyny ele geçirmegiň mümkinçiligini göz öňünde tutýandygy aýdylýar.

Mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp sosial ulgamda: “Ormuz bogazy arkaly nebit alýan dünýä ýurtlary şol geçelgä ideg etmeli, biz hem KÖP kömek ederis!” diýip ýazdy.

The Financial Times neşirinde 16-njy martda çap edilen söhbetdeşlikde Tramp, eger NATO agza döwletleri Eýran meselesinde Birleşen Ştatlara kömek etmese, onda NATO-nyň “örän erbet geljeginiň” bardygyny aýtdy.

FT-niň ýazmagyna görä, Tramp: “Bogazdan peýda görýän ýurtlaryň ol ýerde hiç hili ýaramaz ýagdaýyň ýüze çykmazlygyny üpjün etmek üçin kömek etmegi örän ýerliklidir” diýip aýdypdyr.

Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer 15-nji martda Tramp bilen söhbetdeşlik geçirip, dünýä söwda gatnawyndaky bökdençlikleri saklamak üçin Ormuz bogazynyň açylmagynyň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Dauning stritiň metbugat wekili aýtdy.

Starmer Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni bilen hem gürleşdi. Bu söhbetdeşlikde olar bogazyň ýapyk galmagynyň halkara deňiz daşamalaryna ýetirýän täsirini maslahatlaşdylar. Dauning stritiň maglumatyna görä, liderler 16-njy marta meýilleşdirilen duşuşykda Ýakyn Gündogardaky konflikt boýunça pikir alyşmalaryny dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Energiýa krizisi baradaky aladalar

WSJ şeýle hem Eýrana garşy uruş sebäpli döreýän energiýa krizisiniň has hem çuňlaşyp biljekdigi barada ABŞ-nyň nebit kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň administrasiýa resmilerine duýduryş berendigini habar berdi.

Ak tamda geçirilen birnäçe duşuşykda we Energetika sekretary Kris Wraýt hem-de Içeri işler sekretary Dag Burgum bilen soňky gepleşiklerde Exxon Mobil, Chevron we ConocoPhillips kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bogazdaky gämi gatnawynyň bozulmagynyň “dünýä energiýa bazarlarynda durnuksyzlygy dowam etdirjekdigini” aýdypdyrlar diýip, WSJ ýagdaýlary bilýän adamlara salgylanyp habar berdi.

Eger harby güýçler söweş hereketleri dowam edýän mahaly bogaz arkaly geçýän gämileri goramaga başlasa, bu ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky uruşda täze we howply tapgyry aňladyp biler.

Tähran sebitdäki ABŞ bilen ýaran arap ýurtlaryna garşy jogap zarbalaryny urdy we Tramp hem-de beýleki amerikan resmileri Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň ABŞ-Ysraýyl howa zarbalary netijesinde ýok edilendigini aýtmagyna garamazdan, bogazdaky daşary ýurt harby-deňiz güýçlerini hem nyşana alyp biler.

Eýran ABŞ we Ysraýylyň howa zarbalaryndan agyr zyýan çeken hem bolsa, keçjallygyny dowam etdirýär, Ysraýyla we sebitdäki ABŞ bilen ýaran arap ýurtlaryna garşy raketa we dron hüjümlerini amala aşyrýar.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi 15-nji martda Trampyň Tähranyň Waşington bilen gepleşik geçirmek isleýändigi baradaky sözlerini ret etdi. Tramp Tähranyň “şertleriniň ýeterlik derejede gowy däldigini” aýdyp, gepleşiklere taýýar däldigini mälim edipdi.

Aragçi CBS teleýaýlymyna: “Biz hiç haçan ok atyşyklaryň bes edilmegini soramadyk, hatda gepleşikleri hem soramadyk” diýdi. “Biz näçe zerur bolsa, şonça wagt hem özümizi goramaga taýýardyrys”.

Yrak urşuň täsirini duýýar

Şol bir wagtda, Yrak goňşy ýurtdaky urşuň täsirini duýmagyny dowam etdirýär. Ol ýerde resmiler Eýran bilen ýaran toparlara garşy ýa-da ABŞ bilen baglanyşykly desgalara garşy birnäçe hüjümiň bolandygyny habar berdiler.

Yrak resmileri 15-nji martda Bagdat howa menzili toplumyna garşy edilen raketa hüjümi netijesinde bäş adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Bu toplumyň çäginde ABŞ-nyň diplomatik desgasy hem ýerleşýär.

Uruş başlanaly bäri Yrak ýurduň ähli çäginde howa giňişligini ýapdy. Aglaba sünni araplardan ybarat Yrak resmi taýdan ABŞ-nyň ýarany hasaplanýar, emma ýurtda Eýran bilen baglanyşykly şaýy ýaragly toparlary we syýasy güýçler hem uly orun eýeleýär.

Eýran bilen ýaran ýaragly toparlar ABŞ bazalaryna garşy her gün diýen ýaly dron we raketa hüjümlerini amala aşyrýar.

Bagdatdaky ABŞ ilçihanasy hem nyşana alyndy. 14-nji martda bir dron bu topluma zarba urdy.

Ysraýylyň harby metbugat wekili brigada generaly Effi Defrin Ysraýylyň Eýranyň içinde urjak heniz müňlerçe nyşanasynyň bardygyny aýtdy.

“Biziň Eýranda heniz müňlerçe nyşanamyz bar we biz her gün täze nyşanalary anyklaýarys” diýip, ol aýtdy.