ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ-nyň we Russiýanyň wekilleri Floridada duşuşdy

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner, Ak Tamyň geňeşçisi Joş Gruenbaum bilen bilelikde, Floridada Russiýanyň prezidentiniň wekili Kirill Dmitriýew bilen duşuşdylar.

Dmitriýew duşuşykda "rus-amerikan gatnaşyklarynyň dikeldilmegine ýardam berip biljek" taslamalaryň we "global energiýa bazarlaryndaky krizis ýagdaýynyň" ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

“Häzirki wagtda köp ýurtlar, hususan-da Birleşen Ştatlar, Russiýanyň nebit-gazynyň global ykdysady durnuklylygy üpjün etmekdäki esasy, ulgam dörediji roluna, şeýle-de Orsýete garşy sanksiýalaryň netijesizligine we weýran ediji häsiýetine has gowy düşünip başlaýarlar” diýip, Russiýanyň prezidentiniň wekili telegram kanalynda ýazdy.

Stiw Witkoffyň edarasy taraplaryň "birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşandygyny we aragatnaşyk saklamagy ylalaşandygyny" aýtdy.