Tramp “ýeňiş gazanylandygyny”, ýöne söweşiň dowam etjekdigini aýdýar. Eýran Aýlagdaky gämileri nyşana alýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy söweşde “ýeňiş gazanandygyny” aýtdy, emma operasiýanyň heniz tamamlanmandygyny we iş doly bitýänçä hüjümleriň dowam etjekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, Tähran sebitde azyndan alty gämini urdy we mundan beýläk hem zarbalaryň dowam etdiriljekdigini wada berdi.
“Ýeňşiň gazanylandygyny wagtyndan ir yglan etmek hiç hallanmaýar. Biz ýeňdik” diýip, Tramp 11-nji martda Kentukkidäki saýlaw kampaniýasyna çalym ýygnanyşykda aýtdy.
“Ilkinji sagatda ähli zat gutardy” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.
Soňky günlerde Trampyň we Ak tamyň bu uruş baradaky beýanatlary dürli mazmunda boldy: käbir çykyşlarda söweşiň dört-alty hepde ýa-da ondanam uzak dowam edip biljekdigi aýdylsa, başgalarynda onuň “ýakyn wagtda” tamamlanyp biljekdigi öňe sürüldi.
Tramp 28-nji fewralda başlanan ABŞ-Ysraýyl hüjümleriniň Eýrany “doly diýen ýaly weýran edendigini”, Ýakyn Gündogardaky bu ýurduň ýolbaşçylarynyň, ýaragly güýçleriniň we ýadro maksatnamasynyň uly böleginiň ýok edilendigini aýdýar.
Şeýle-de bolsa, prezidentiň özi we onuň administrasiýasyndaky beýleki resmiler hüjümlerde hiç hili gowşama bolmajakdygyny ýaňzadýarlar.
“Biz ir çekilmek islemeýäris, şeýle dälmi?” diýip, Tramp aýtdy. “Işi soňuna çenli ýetirmeli.”
Ysraýyl hem kampaniýasyny, şol sanda Liwanda Eýranyň ýarany bolan “Hizballah” güýçlerine garşy hüjümlerini bes etmäge taýýar däldigini aýtdy. Ysraýyl “nyşanalaryň giň sanawynyň” henizem galýandygyny nygtaýar.
Harby metbugat wekili brigada generaly Effi Defrin 11-nji martda telewideniýede görkezilen brifingde: “Biz operasiýalarymyzy giňelderis” diýdi.
12-nji martyň irki sagatlarynda Ysraýylyň goşuny Tährana garşy “giň gerimli zarbalar tolkunynyň” amala aşyrylandygyny habar berdi. Şeýle hüjümler soňky günlerde tas her gije gaýtalanýar.
Eýranyň harby-deňiz gämileri nyşana alyndy
Tramp dünýäniň ykdysady taýdan iň möhüm suw ýollarynyň biri bolan Ormuz bogazynda Eýranyň deňiz minalaryny ýerleşdirmek kampaniýasyna başlap biljekdigi baradaky aladalaryň fonunda, ABŞ güýçleriniň eýran gämilerine zarba urandygyny aýtdy.
“Häzirki pursata çenli biz 28 mina goýujy gämini urduk” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy. Bu beýanat ABŞ-nyň harbylarynyň mundan bir gün öň 16 sany mina ýerleşdiriji gäminiň ýok edilendigini mälim etmeginden soň yglan edildi.
Reuters we CNN amerikan çeşmelerine salgylanyp, Eýranyň bogazda takmynan 12 sany deňiz minasyny ýerleşdirendigini habar berdiler. Reutersiň maglumatyna görä, bu minalar “soňky birnäçe günde” ýerleşdirilipdir we olaryň ýerleşýän ýerleriniň aglabasy belli.
Pars aýlagynda nebit önümçiliginiň we deňiz daşamalarynyň bozulmagy sebäpli energiýa krizisiniň ýüze çykmagy baradaky aladalaryň artýan döwründe, Günbatar liderleri bahalaryň keskin ýokarlanmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.
11-nji martda Tramp ABŞ-nyň bahalara bolan basyşy ýeňletmek üçin strategik nebit gorlaryny “biraz derejede” ulanjakdygyny aýtdy.
“Biz häzir ondan biraz peýdalanarys we bu bahalary peselder” diýip, ol teleýaýlym interwýusynda aýtdy. Strategik Nebit Gory 1975-nji ýylda döredilip, energiýa üpjünçiligi bozulanda ulanmak üçin saklanýan dünýäniň iň iri adatdan daşary ýagdaý nebit gorudyr.
Soňra ABŞ-nyň Energetika ministrligi 172 million barrel nebit goýberilmeginiň Halkara Energetika Agentligine agza 32 ýurduň çig nebiti bazara çykarmak boýunça has giň meýilnamasynyň bir bölegidigini aýtdy. Agentlik ozal agzalarynyň adatdan daşary ýagdaý gorlaryndan 400 million barrel nebit goýbermek barada biragyzdan ylalaşandygyny habar beripdi.
G7, ýagny senagat taýdan ösen “Uly ýedilik” ýurtlary hem beýannat ýaýradyp, öz agzalarynyň Pars aýlagy sebitinden, şol sanda möhüm Ormuz bogazyndan geçýän gämileri gorag bilen ugratmak mümkinçiligini öwrenmäge ylalaşandygyny aýtdy.
“Uly ýediligiň” düzümine ABŞ, Kanada, Ýaponiýa, Italiýa, Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa girýär.
Näbelli zarbalar
Bu beýanatlar dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň takmynan bäşden biriniň geçýän Pars aýlagynyň esasy deňiz ýolunda azyndan alty gäminiň dürli hadysalarda zeper ýetirmeginiň yz ýany edildi.
Birleşen Patyşalygyň Deňiz Söwda Operasiýalary Gullugy (UKMTO) 11-nji martda Taýlandyň, Ýaponiýanyň we Marşall adalarynyň baýdagy astynda ýüzýän söwda gämileriniň Ormuz bogazynyň dürli ýerlerinde näbelli ýaraglar bilen nyşana alnandygyny aýtdy. Ýaralananlar barada maglumat gowuşmady.
Şeýle-de bolsa, Taýlandyň baýdagy astynda ýüzýän, BAE-den çykyp Hindistana ugran “Mayuree Naree” gämisiniň ekipažyndan üç adam 12-nji martyň irki sagatlaryna çenli tapylmady. Taýlandyň harby-deňiz resmileri olaryň ýanýan gäminiň hereketlendiriji bölüminde galandygyny çaklaýarlar.
Şol bir wagtda, Eýranyň yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy bogazda Ysraýyla degişli diýlip öňe sürlen, Liberiýanyň baýdagy astynda ýüzýän bir gämini urandygyny aýtdy.
Deňiz we port resmileriniň maglumatlaryna görä, Yragyň suwlarynda partlaýjy maddalar ýüklenen eýran katerleri iki ýangyç tankerine hüjüm edip, olary oda gaplapdyr we bir ekipaž agzasynyň ölümine sebäp bolupdyr.
Deňiz howpsuzlygy bilen meşgullanýan iki kompaniýanyň maglumatyna görä, Ýaponiýanyň baýdagy astynda ýüzýän “ONE Majesty” konteýner gämisi Birleşen Arap Emirliklerindäki Ras al-Haýmanyň 46 kilometr demirgazyk-günbatarynda atylan näbelli serişdeden kiçi zeper çekdi.
Tähran ABŞ-a, Ysraýyla we “olaryň hyzmatdaşlaryna” nebit daşaýan gämileri “kanuny nyşan” hasaplaýandygyny aýtdy.
Eýranyň harby serkerdeliginiň metbugat wekili Ebrahim Zolfagari 11-nji martda: “Biz nebitiniň hatda bir litriniň hem ABŞ-a, sionistlere we olaryň hyzmatdaşlaryna aşmagyna ýol bermeris. Olara tarap ugraýan islendik gämi ýa-da tanker kanuny nyşan bolar” diýdi.
Täze ýokary lideriň ykbaly
Bu aralykda, Eýranyň resmileri 11-nji martda täze bellenen ýokary lider Mojtaba Hameneýiniň saglyk ýagdaýy baradaky gep-gürrükleri ret etmek üçin işjeň çykyş etdiler. Resmiler onuň kakasyny we beýleki maşgala agzalaryny öldüren howa zarbalarynda ýaralanandygyny, emma “aman-esen” ýagdaýdadygyny aýtdylar.
Mojtaba Hameneýi 8-nji martda, kakasynyň 28-nji fewralda bombaly hüjümde ölmeginden soň, ýurduň täze ýokary lideri diýip yglan edilipdi.
56 ýaşly Hameneýi ABŞ we Ysraýyl Eýrana garşy howa zarbalaryna başlanaly bäri köpçüligiň öňünde görünmedi. Ol hiç hili açyk çykyş hem etmedi. Bu bolsa onuň hem şol hüjümlerde ölmegi ýa-da agyr ýaralanmagy baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.
