ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Özbegistan aýallara, çagalara garşy zorluk ulananlaryň "gara sanawyny" düzýär

0

Özbegistanda aýallara we çagalara garşy zorluk ulanmakda ýa-da mejburlyk basyşyny etmekde günäli tapylan şahslaryň "gara sanaw" mehanizmi döredilýär. Bu baradaky resminama 4-nji martda güýje girdi diýip, Podrobno.uz habar berýär.

Karara laýyklykda, howp salmaga, psihologik ýa-da fiziki zorluklara gatnaşan şahslary öz içine alýan bitewi maglumatlar bazasy dörediler. Içeri işler edaralary we prokuratura bu hili şahslar baradaky maglumatlary saklamaga, gaýtalanýan jenaýatlaryň öňüni almak çärelerini görmäge borçly bolar.

Şeýle-de, bu resminama pidalar üçin güýçlendirilen sosial goldaw ulgamyny nazarda tutýar. Sütem gören aýallar we çagalar, täze düzgünler esasynda, lukmançylyk kömegini, psihologik goldaw we hukuk kömegini alyp bilerler.

Häkimiýetler maglumat bazasynyň döredilmeginiň zorlukly wakalara has çalt çäre görülmegine mümkinçilik berjekdigini we hökümet edaralarynyň arasyndaky utgaşyklygy güýçlendirjekdigini öňe sürýärler. Olar bu täzeligiň maksadynyň aýallaryň we çagalaryň goragyny gowulandyrmak, zorlukly wakalaryň gaýtalanmak ähtimallygyny azaltmakdan ybaratdygyny aýdýarlar.