ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

"Hizbolla" demirgazyk Ysraýyla raketa, dron hüjümlerini etdi

0

Günorta Liwandan Eýrany goldaýan şaýy “Hizbollanyň” (ABŞ, Ysraýyl, Kanada, Müsür we arap dünýäsi ýurtlarynyň köpüsi, ÝB tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen toparyň) söweşijileri 11-nji mart agşamy demirgazyk Ysraýyla takmynan 100 raketa, birnäçe dron bilen hüjüm etdi.

Desalapky maglumatlara görä, iki adam ýeňil ýaralandy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi 11-nji martda Ysraýylyň Liwanyň gündogaryndaky Bekaa jülgesine, “Hizbolla” toparynyň berkitme merkezleriniň ýerleşýän ýerine hüjüm etmegi netijesinde ýedi adamyň ölendigini, 23 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Bu waka iki obada, Ysraýylyň Goranmak güýçleri (IDF) bu obalaryň we goňşy alty obanyň ýaşaýjylaryna duýduryş berip, ol obalaryň derhal boşadylmagyna çagyranyndan soň boldy.