ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistan Ýakyn Gündogara howa gatnawlaryny çäklendirýär, eýranly türkmenleri serhetden ‘geçirmeýär’

0

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 9-njy martdan başlap Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat howa gatnawlaryny 1-nji aprele çenli togtatdy. Mundan öň, türkmen howa daşaýjysy 2-nji martdan 4-nji marta çenli Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlaryny togtadypdy.

Mälim edilen resmi maglumatda, ozalky kararda hem bolşy ýaly, munuň “Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen” girizilendigi aýdylýar, urşuň özi agzalmaýar.

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler diýip, awiakompaniýanyň 9-njy martdaky maglumatynda bellenilýär.

Eýranly türkmenler Türkmenistan serhedindeBu aralykda, 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň eýran nyşanalaryna garşy zarbalary urup başlamagy bilen, etniki türkmenleriň ençemesi öz ýaşaýan sebitlerindäki harby we güýç desgalaryna garşy hüjümlerden howatyr edip, Türkmenistana aşmaga synanyşýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlygyň habarçysy Türkmenistanyň Eýran bilen aradaky serhet araçäkleriniň biriniň harby gullukçylary, şol sanda serhetçi ofiserler bilen söhbetdeş bolmagy başardy. Olaryň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan anyk sene, ýer we adam atlary äşgär edilmeýär.

“[Eýranyň demirgazygyndaky] seretýaka sebitlerde ýaşaýan türkmenler [Türkmenistanyň] obalaryndaky garyndaşlarynyň ýanynda gaçybatalga tapmak üçin serhetden geçmäge synanyşýarlar. Olaryň onlarçasy her gün diýen ýaly gümrükhananyň golaýynda jemlenýär. Düşen agyr ýagdaýlaryny naryn-naryn düşündirip, goýbermegimizi haýyş edýärler. Ýöne bize hiç bir bosguny geçirmezlik barada anyk buýruk berildi. Serkerdeler munuň Aşgabatdan, ‘ýokardan’ tabşyrylandygyny aýdýarlar. Jany ugrunda kowalaşyp, ýalbaryp duran biriniň gursagyndan itilmegi gaty gynandyrýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Eýran türkmenleri esasan ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda, ilat arasynda "Türkmen sährasy", resmi ýagdaýda Gülüstan (Golestan) ostanlygy atlandyrylýan sebitde ýaşaýar. Olary sany barada resmi maglumat bolmasa-da, Eýranda ýüzlerçe müň, käbir çeşmelerde milliondan hem aşa etniki türkmeniň ýaşaýandygy bellenilýär.

KesgitsizlikHabarçymyz Eýran bilen arada türkmen harbylarynyň, nobatçylyk çekýän esgerleriň sanynyň artdyrylandygyny, şeýle-de dronlar bilen gözegçilik edilýändigini aýtdy.

Serhet araçäginde gulluk geçýän harbylaryň ençemesiniň sözlerine görä, olaryň özleri hem häzir kesgitsiz ýagdaýda.

Bu pikiri Azatlyk bilen anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan beýleki harbylar hem tassyklap, häkimiýetleriň bosgunlaryň mümkin akymyndan, hatda Hazaryň üsti bilen-de ýurduň çägine geçmeginden alada galýandyklaryny aýdypdylar. Serhet gullukçylarynyň birnäçesi ýolbaşçylardan nähili hereket etmelidigi barada anyk görkezmeleriň ýokdugyny we ýagdaýyň mümkin bolan eskalasiýasyna garşy durmaga taýýar däldigini belläpdiler.

Türkmenistanyň Gümrük gullugy Eýrandaky uruş başlanaly bäri diňe bir beýanat ýaýradyp, 5-nji martdaky habarynda urşy göni agzaman, “Sarahs”, “Artyk”, “Howdan” we “Altyn Asyr” gümrük nokatlaryndan ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegi häzirki wagtda 'kadaly' dowam edýändigini mälim edipdi. Azatlygyň habarçylary iň azyndan bir serhet geçelgesinde ulaglaryň uly nobatynyň saklanyp galýandygyny we günde çäkli tirkegli ulaglaryň geçirilýändigini, munuň netijesinde gijikdirilýän harytlaryň bazarlardaky nyrhlarynyň hem dowamly artýandygyny aýdypdylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurdy Türkmenistanyň resmi edaralaryndan serhetdäki ýagdaý, umuman, goňşy ýurtdaky barýan urşuň ýurda we ilata ýetirýän täsiri barada maglumat ýa teswir almak mümkin däl.

“Uly ýalňyşlyk”Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen aý Eýrana garşy başlanan harby operasiýanyň “örän tiz wagtda” tamamlanjakdygyny aýtdy we eger Tähran Ýakyn Gündogarda nebit üpjünçiligine böwet bolmaga synanyşsa, ýurda “has, has güýçli” zarbalaryň uruljakdygyny duýdurdy.

Tramp bu barada 9-njy martda çykyş etdi. Mundan öň, Tähran merhum ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiň ornuna onuň ogly Mojtaba Hameneýiň geçendigini yglan edeninden soň, Ysraýyla we Pars aýlagyndaky arap ýurtlaryna garşy köp sanly raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy.

Tramp CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda Mojtaba Hameneýiň ýerine geçjek biriniň pikirinde bardygyny aýtdy, emma adyny aýan etmedi diýip, CBS-iň habarçysy X sosial ulgamynda ýazdy.

Mundan öň, Tramp beýleki media serişdelerine Eýranyň iň ýokary wezipesine Hameneýiň bellemeginden “hoşal däldigini” aýdyp, muny “uly ýalňyşlyk” diýip atlandyrypdy.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Eýrany Ýakyn Gündogar boýunça jogap zarbalaryny urmak bilen “dünýäni girewine almak” synanyşyygnda aýyplady. Şeýle hem ol Tähranyň mümkinçiliklerini çäklendirmäge gönükdirilen ABŞ harby operasiýalarynyň meýilnama laýyk dowam edýändigini aýtdy.

Tähranyň goňşy ýurtlara garşy hüjümleriniň mümkin mysallarynyň biri hökmünde, NATO ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy zarba kampaniýasyna başlamagyndan bäri ikinji gezek Türkiýäniň howa giňişliginde bir ballistik raketanyň ulrup düşürilendigini aýtdy.