ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

“Türkmenistan” Dubaý, Jidda uçuşlarynyň togtadylmagyny 1-nji aprele çenli uzaltdy

0

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat howa gatnawlaryny 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji aprele çenli togtatdy diýip, “Biznes Türkmenistan” habar berýär.

Awiakompaniýanyň resmi maglumatyna görä, ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.