Mojtaba Hameneýi kakasynyň ýoluny dowam etdirip, Eýranyň täze ýokary ýolbaşçysy boldy
Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürilenden soň, 8-nji martda Eýranyň Ekspertler Mejlisi Mojtaba Hameneýi täze ýokary ýolbaşçy hökmünde saýlady. Şeýlelikde, Yslam Respublikasynyň taryhynda ilkinji gezek ýokary ýolbaşçynyň ornuna onuň ogly geçýär.
Mojtaba Hameneýi köpçüligiň öňünde örän seýrek görünýärdi we dini seminariýadaky sapaklardan başga ýerde hiç haçan çykyş etmändi. Şeýle-de bolsa, ol ýokary ýolbaşçynyň edarasyndaky iň ýakyn adamlara hem-de Eýranyň howpsuzlyk gurluşlaryna täsir edýän, kölegede hereket edýän güýç hökmünde giňden tanalýar.
Emma Mojtaba Hameneýi kim we näme sebäpli onuň ady kakasynyň ýerine geçmek meselesinde iň jedelli kandidatlaryň birine öwrüldi?
"Aga" MojtabaMerhum ýokary ýolbaşçynyň 56 ýaşly ikinji ogly köp ýyllap “derwezäniň goragçysy” hökmünde häsiýetlendirilip gelinýär.
Hiç haçan resmi döwlet wezipesini eýelemändigine garamazdan, ýaş Hameneýi soňky iki onýyllygyň dowamynda kakasynyň Beýt edarasy töwereginde möhüm rol oýnap, dini ýolbaşçylar bilen Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň (YRSK) arasynda utgaşdyryjy bolup çykyş edipdir.
Ali Hameneýi bir gezek içerki tankytçylara ogluna diňe “Aga” diýip ýüzlenmelidigini duýdurypdy.
2005-nji ýylda prezident saýlawlarynda ýeňilen kandidat Mehdi Karroubi Ali Hameneýini Mohammad Bagher Galibafyň saýlaw kampaniýasy döwründe ogly Mojtabany goldamakda aýyplady.
Karroubi soň şeýle gürrüňi açypdy: ýaşulularyň biri Ali Hameneýe
“Jenaplaryňyzyň ogly saýlawlarda pylan adamy goldaýar” diýip aýdanda, Hameneýi “Ol diňe ýolbaşçynyň ogly däl, onuň özi hem ýolbaşçydyr” diýip jogap beripdir.
Şol söz Mojtaba Hameneýiň adyny ilkinji gezek Eýranyň syýasatyna diňe ýokary ýolbaşçynyň ogly hökmünde däl-de, eýsem özbaşdak syýasy şahsyýet hökmünde çykardy.
Indi onuň Ekspertler Mejlisi tarapyndan Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçysy hökmünde saýlanmagy bilen, ol ýurduň durnuksyz güýç gurluşynyň merkezine resmi taýdan ýerleşdi.
Mojtaba Hameneýiň YRSK tarapyndan goldanylýandygy aýdylýar we onuň saýlanmagy dowamlylygyň alamaty hökmünde görkezilýär. Goldawçylar onuň howpsuzlyk gurluşlary bilen ýakyn gatnaşyklarynyň dowam edýän konflikt döwründe tertibi saklamak üçin iň laýyk adamdygyny öňe sürýärler.
Tankytçylar “miras galýan häkimiýetden” howatyrlanýarŞeýle-de bolsa, onuň saýlanmagy ýurduň içinde, aýratyn-da Yslam Respublikasynyň esasy goldawçylarynyň arasynda gahar-gazap döredip biler. Tankytçylar “miras galýan häkimiýet” ýoluna geçmegiň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň monarhiýa garşy ýörelgelerine garşy gelýändigini aýdýarlar.
Ženewadaky magistratura derejesindäki ýokary okuw mekdebiniň uly ylmy işgäri Farzan Sabet 2024-nji ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna “Ogly kakasynyň ýerine geçýän ýagdaý monarhiýanyň görnüşini ýatladyp biler” diýipdi.
2024-nji ýylda Ekspertler Mejlisine degişli bir agza uly Hameneýiň öz oglynyň ýerine geçmegine garşy bolandygyny aýdypdy.
Mundan başga-da, kiçi Hameneýiň dini derejesiniň pes - Hojatoleslam derejesi bolmagy jedelli mesele bolup galýar. 2022-nji ýyldan bäri Eýranyň dini okuw jaýlaryna degişli habar agentligi oňa ýokary derejeli ruhanylara degişli bolan Aýatolla adyny berýär.
2011-nji ýyldan bäri öý tussaglygynda saklanýan öňki premýer-ministr Mir Hossein Mousawi 2022-nji ýylda Ali Hameneýiň ogluny öz ornuna taýýarlap biljekdigi barada duýduryş berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý 1979-njy ýyldaky rewolýusiýanyň ýok etmek islän miras geçýän häkimiýet ulgamynyň gaýtadan dikeldilmegine getirip biler.
“2 müň 500 ýyllyk nesil hökümdarlygy yzyna dolanyp geldimi, indi ogul kakasynyň ýerine geçermi?” diýip ol ýazypdy.
Bu tankytlara jogap hökmünde Ekspertler Mejlisi ýokary ýolbaşçynyň bellenmeginiň “ukyp esasynda saýlanýandygyny” nygtady.
Soňky derňewler, şol sanda ýanwar aýynyň ahyrynda Bloomberg tarapyndan çap edilen hasabat, ABŞ tarapyndan 2019-njy ýyldan bäri sanksiýa astynda bolan Mojtaba Hameneýi bilen baglanyşykly giň we gizlin gozgalmaýan emläk ulgamynyň bardygyny görkezdi.
Hasabatlara görä, ol aralyk adamlary we kagyz ýüzündäki kompaniýalary ulanyp, dünýä boýunça gymmat bahaly emläk toruny saklapdyr we giňeldipdir.
Mojtaba Hameneýiň aýaly Zahra Haddad Adel hem ýokary ýolbaşçy bolan gaýynatasy bilen bir wagtda şol bir ABŞ-Ysraýyl zarbasynda öldürildi.
