ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Lebapda, Daşoguzda bolan ýol hadysalarynda 10 adam, şol sanda bir maşgala heläk boldy

0

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda geçen hepdäniň dowamynda bolan ýol hadysalarynda 10 adam, şol sanda bir maşgala heläk boldy. Bu ýol hadysalary barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy martda Lebapdan we Daşoguzdan maglumat berdiler.

“5-nji martda Türkmenabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýän we il arasynda “Obýezdnoý” diýlip atlandyrylýan aýlaw ýolda ýük ulag bilen ýeňil ulag çaknyşmagy netijesinde, ýol hadysasy boldy. Hadysanyň netijesinde ýeňil ulagyň içindäki iki adam hem-de ýük ulag sürüjisi heläk boldy” diýip, ýerli ýol polisiýasyndaky çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, wakanyň bolan pursadynda Mary welaýatyndan Türkmenabada ýük getirip barýan agyr ýük ulagy “Zerger” etrapçasynyň golaýyna ýetende, ýoldaky çukura düşmezlik üçin gapdala sowuldy we şol pursatda garşydan gelýän ýeňil ulag bilen çaknyşma boldy.

“Hadysadan soň ýol gyrasynda agdarylyp diýen ýaly duran ýük ulagyny we ‘Opel Astra’ kysymly ýeňil awtoulagy görmek bolýar. Ýeňil ulagyň sürüjisiniň kellesi güýçli zarba sebäpli agyr zeper aldy, beýleki ýolagçy bolsa döwlen aýnanyň böleklerinden damagy çalnandygy sebäpli heläk boldy” diýip, ýagdaýy gören çeşmämiz aýtdy.

"Ulaglarda bolan ýekeje adam hem diri galmady"Çeşmämiz howpsuzlyk aladalary sebäpli heläk bolan adamlaryň atlaryny we familiýalaryny aýtmakdan saklandy. Ýöne ol ýük ulagyň we onuň sürüjisiniň Türkiýeden gelýändigini sözüne goşdy.

Geçen hepdäniň başynda, has takygy 2-nji martda günortan wagty Daşoguzyň Garaşsyzlyk etrabynda hem ýol hadysasy boldy.

“Daşoguz şäherinden Garaşsyzlyga barýan awtomagistralda iki ýeňil awtoulagyň pete-pet çaknyşmagy netijesinde ulaglaryň birindäki bäş adamdan ybarat bir maşgala heläk boldy. Beýleki ulagdaky iki adam hem waka ýerinde jan berdi. Bu hadysalarda jemi ýedi adam heläk bolup, ulaglarda bolan ýekeje adam hem diri galmady” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiz ýol hadysasyna ulaglaryň ýokary tizlikde dolandyrylmagy bilen bir hatarda, ýoluň ýaramaz bolmagynyň we magistralyň bu bölegindäki öwrümiň “oňaýsyzlygynyň” sebäp bolandygyny belleýär.

“Bu ýolda öwrümiň gönümel 45 gradusda bolmagy köplenç adam pidaly ýol hadysasyna sebäp bolýar. Öwrümli ýoluň oňaýssyzlygy netijesinde soňky 6 aýda ýoluň diňe şu böleginde 20-den gowrak adam pidaly hadysa hasaba alyndy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

"Il arasynda “ajal paworot” atlandyrylýar"Muňa garamazdan, ol häkimiýetleriň ýoly abatlamak, öwrümi gönülemek ýa-da sürüjilere öňünden duýduryş bermek üçin, “Dur” ýaly ýol belgisini goýmak boýunça haýsydyr bir tagalla etmeýändigini hem belledi.

“Il arasynda “ajal paworot” diýlip atlandyrylýan bu ýoluň ugrunda “Abatlaýyş işleri” ýa-da “Säginmek”, “Dur” ýaly ýol belgilerini goýup, adam pidaly hadysalary azaldyp bolardy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin Lebabyň we Daşoguzyň degişli polisiýa bölümleri bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne bu edaralarda redaksiýamyzyň 9-njy martda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada aç-açan hasabat bermeýär. Içeri işler ministrligi hem, ýol heläkçilikleri we adam pidalary baradaky statistikany çap etmeýär. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem ýol hadysalaryny agzamaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary adam pidalaryna getirýän köçe-ýol, şeýle-de otly hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Türkmenistanda ýol-ulag hadysalaryna, ýol polisiýasyndaky çeşmelerimiziň we türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, köplenç çukanakly ýollar, awtoulagyň ýokary tizlikde ýa-da içgili dolandyrylmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýol infrastrukturasy bilen bagly meseleleriň diňe ýerli ilatyň arasynda däl, eýsem daşary ýurtly sürüjileriň arasynda hem nägilelik döretmegi bilen bagly ýagdaýlara köp duş gelse bolýar. Hususan-da, Türkmenistana Türkiýeden ýük daşaýan käbir türk sürüjileri sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynda ýurduň käbir sebitlerindäki ýollaryň ýagdaýynyň aşa ýaramazdygyny aýdyp, uly çukurlar we bejerilmedik ýol bölekleri barada türk dilinde paýyş sözleri aýtmak bilen ýagdaýy suratlandyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.