ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistan Eýrandan çykýan daşary ýurt raýatlaryna kömek edýär

0

Türkmenistan Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin döwlet serhedini açdy diýip, “Biznes Türkmenistan” degişli ýurtlaryň daşary işler ministrliklerine we metbugat serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, türkmen hökümetiniň utgaşdyrmagy bilen, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Hytaý we Günorta Koreýa öz raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyny gurnady.

Habarda “Howdan-Bajygyran”, “Artyk- Lüftabat”, “Akýaýla- Inçeburun”, “Altyn Asyr-Inçeburun” we “Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň 2-nji martda täzeden işe girizilendigi aýdylýar.

Maglumatlara görä, bu gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly Özbegistanyň 13 raýaty, Gazagystanyň 15 raýaty, Günorta Koreýanyň 23 raýaty, Russiýanyň 8 raýaty, Hytaýyň 25 raýaty Eýrandan çykaryldy.

Habarda bellenilmegine görä, daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz we tiz üstaşyr geçmegini üpjün etmek maksady bilen, türkmen tarapy zerur logistika we guramaçylyk goldawyny berýär.