ABŞ we Eýran, harby çaknyşyk howatyrlanmalarynyň arasynda, ýadro gepleşikleri üçin duşuşarlar
ABŞ-nyň we Eýranyň resmileri 26-njy fewralda Ženewada ýadro gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirerler. Bu duşuşyk, iki garşydaşyň arasynda uly harby çaknyşyklaryň öňüni almak üçin iň soňky tagalla hökmünde görülýär.
Gepleşikleriň üçünji tapgyry, prezident Donald Trampyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek üçin ylalaşyk gazanylmasa, ABŞ-nyň harby hereketleriniň mümkinçiliklerini seljerýän wagtyna gabat geldi. Bu aralykda, amerikan harby uçar gämileriniň iki topary Yslam respublikasynyň hüjüm çägine ýerleşdirildi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 25-nji fewralda Tährandan Şweýsariýanyň Ženewa şäherine gitdi. Onuň bu ýerde Ak Tamyň wekili Stiw Witkoff hem-de Trampyň giýewisi Jared Kuşner bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Omanyň wekilleri, gepleşikleriň öňki tapgyrlarynda bolşy ýaly, araçy hökmünde çykyş ederler.
Taraplar şu aýyň başynda Omanda gytaklaýyn gepleşikleri geçirdiler. Bu, geçen ýylyň iýun aýynda bolan gysga wagtlyk çaknyşykda Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlaryň Eýranyň esasy ýadro merkezlerini bombalamagyndan bäri geçirilen ilkinji duşuşyk boldy. Gepleşikleriň ikinji tapgyry 17-nji fewralda Ženewada geçirildi.
