ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28

Prezidente berlen 'ýörite sylag' býujet işgärlerine 'gymmat düşdi'

0
Balkanabatda 18-nji fewral güni irden uly çäre geçirildi, öňünden meýýilleşdirilmedik dabaralara çagyrylan býujet işgärleri ir sagat 5-de iş ýerlerine gelmeli edildi, adamlar bu ýagdaýdan halys ýadandyklaryny aýdýarlar diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BSGG-niň ýörite sylagyna mynasyp bolmagyna bagyşlanan çäre Aşgabatda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahatynyň geçirilýän wagtyna gabat geldi.
Ýörite sylagyň prezidente «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» gowşurylandygy aýdylýar. Bu habar ýurtda saglyk ministriniň täzelenmeginiň yz ýanyna, Balkan sebitindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, esgerleriň arasynda çesotka diýilýän gijilewük keseliniň ýaýraýan we adamlaryň derman tapman kösenýän wagtyna gabat geldi.
Azatlygyň habarçylary ýurtda ilatyň hor düşmegi, azyk we derman ýetmezçiligi, mätäçlik bilen bagly çuňlaşýan näsaglyk ýagdaýy barada yzygiderli habar berýärler.


Balkan sebitinde guralan çärelere gatnaşmaly bolan býujet işgärleri, adatça bolşy ýaly, iş wagtlary başlanmazyndan 3-4 sagat öň iş ýerlerine gelmeli edildi.
“Türkmeniň Ak öýi” binasynda, welaýat kitaphanasynda, muzeýde we beýleki ýerlerde guralan çärelere gatnaşan adamalar birmeňzeş lybaslary geýmeli edildi.
Propogandaçylar, özüni görkezjekler üçin oňat pursat boldy“Býujet işgärleri gaty kösendiler. Ýolbaşçymyz irden jaň edip, ‘5:00-dan gijä galman geliň, ir bilen çäre bar. Prezidentimize saglyk guramasynyň beren sylagyna welaýat häkimi we guramalar hoşallyk çäresin geçirýär’ diýdi. Bize ak köýnek, penjek geýmek tabşyryldy, zenan işgärler bolsa ýarysy sport lybasda, galan ýarysy gyzyl köýnek geýmeli edildi” diýip, Aragatnaşyk pudagynyň işgäri (ady redaksiýada bar) bu çäreleriň garaşaylmadyk waka bolandygyny aýtdy.
Saglyk pudagyndaky çeşmäniň sözlerine görä, lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine ak halat we beýleki lukman eşiklerini geýip gelmelidigi aýdyldy.
“Prezidentiň Bütindünýä saglyk guramasynyň sylagyny almagy býujet işgärlerine gymmat düşdi. Çäre üçin welsepit satyn almaly bolanlar hem köp boldy. Sportçylar sahna görkezdi. Garaz, propogandaçylar, özüni görkezjekler üçin oňat pursat boldy. Aýdymçylar sylag berlenine doly iki gün hem geçmänkä täze aýdym, saz hem döredip ýetişipdirler. Biziň adamlarymyzy ýaranjaňlyk boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmeli” diýip, saglyk işgäri öňki prezidentiň birsellem Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek bilen ‘gaty gyzyklanandygyny’, adamlaryň öz aralarynda o döwri ‘Ginnes masgaraçylygy’ diýip atlandyrýandyklaryny hem sözüne goşdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen saglyk işgärleriniň azyndan ikisi ‘prezidentimize bu sylagy haýsy hyzmaty üçin berýärkäler, ýa-da bu ýerde başga bilinmeýän hyzmat barmyka?’ diýen soragy berdi.
Çärä gatnaşan býujet işgärleriniň biri BSGG-niň sebit işgärleriniň “Covid-19” pandemiýasy döwründe hem, häkimiýetleriň beren maglumatlaryna esaslanyp, Türkmenistandaky ýagdaýlary bassyr-ýussur etmek synanyşygyna ‘şärik bolandyklaryny’ öňe sürdi.


“Türkmen saglygy goraýyş pudagy soňky üç ýylda hil taýdan görülmedik derejede pese gaçdy, saglyk işgärleriniň arasynda işlerini taşlap, daşary ýurtlara gidýänler köpeldi, bäbekhanalarda täze doglan bäbekleriň arasyndaky ölüm derejesi köpeldi, onkologiýadan ölýänler aşa köp” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Hökümet ýurtdaky ýiti kadr ýetmezçiligini boýun almaýarÝurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, Azatlygyň habarçylary heläkçilikli ýagdaýlaryň köpelendigi barada aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Türkmenistanyň işini gowy bilýän saglyk işgärleriniň köpçülikleýin ýurtdan gitmegi garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, lukmanlaryň iş ýerleriniň kesgin azaldylmagy sebäpli başlandy. Emma türkmen hökümeti ýurtdaky ýiti kadr ýetmezçiligini boýun almaýar we ýokary taýýarlykly hünärmenleri yzyna getirmegiň ýoluny agtarýana meňzemeýär.
Türkmen häkimiýetlerinden tapawutlylykda, gyrgyz häkimiýetleri, metbugat habarlaryna görä, Orsýete giden gyrgyz lukmanlary bilen duşuşyp, olary öz ýurtlaryna dolamagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.
Maglumat üçin aýdylsa, 16-njy fewralda Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki edarasynyň sapara gelen direktory Hans Klýugäni kabul etdi we myhman oňa Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagalla edýändigini aýdyp, öz wekilçilik edýän guramasynyň ýörite sylagyny gowşurdy.
Şol günüň ertesi, 17-nji fewralda, bir gün öň Aşgabatdan Birleşen Ştatlara sapara ugrandygy aýdylan Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidenti bu sylag bilen gutlap ýazan uzyn haty çap edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.