ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Sumbar derýasynyň boýundaky obalaryň ilaty eklençsiz galýar, göçüp gidýän köpelýär

0

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjylary eklenç üçin hiç mümkinçiligiň galmandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylar göçüp gitmekden başga çäre görmeýändigini gürrüň berdiler.

"Häzir adamlaryň ýaşaýyş şertleri gaty agyrlaşdy. Adamlar eklenç etmegiň, ýaşamagyň kyn bolandygy üçin göçmäne başladylar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suwsuzlyk we ýer önümçiliginiň örän gowşamagy oba ýaşaýjylaryny eklençden tas doly mahrum etdi.

"Häzir Sumbar derýasy eýýäm ençeme ýyl bäri gury dur. Suw akanok. Biriň kärende ekin meýdanlarymyz gurady biz hem suwsuz gurap barýarys. Suw gaty uly problema, suw bolmasa kärende ýerleri gurap, bu gidişine gitse basym bärde adam galmaz" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda köp hojalyklaryň girdejisi zähmet migrasiýasyna bagly bolup, hojalyklaryň köpüsinde ýurduň başga ýerlerine gidip işleýän we daşary ýurtlara gazanç üçin giden agzalary bar. "Indi maşgalalar tutuş göçüp gidýär" diýip ýaşaýjylar aýdýar.

"Tutly-gala obasynda adam sany eýýäm azaldy, her kim başga bir ýere göçüp gitmekçi bolýar, galanja adamlaram daşary döwletlere gidip, iş-eklenç gözlemeli bolýar" diýip, ýene bir ýaşaýjy aýdýar.

Magtymguly öňki ady Garrygala etraby Sumbar derýasynyň boýunda ýerleşýär. Açyk çeşmelerde bar bolan käbir maglumatlarda Magtymguly etrabynyň ilat sany 33-35 müň töwereginde diýilýär. Etrabyň merkezi we esasy ilatly nokady bolan Magtymguly şäheriniň ilaty 15 müňden gowrak diýlip görkezilýär.

Ýerli ýaşaýjylar ozalky döwürleri ýatlaýarlar.

"Öňler Sumbar derýasy dolup akýan döwürlerinde biz ol derýanyň suwundan balyk tutardyk, kirimizi ýuwardyk, mallarymyzy suwa ýakardyk, kärende ýerlerimizde nar we beýleki bag bakjalarymyzy suwarardyk. Açlygyň nämedigini bilmän, gowy ýaşardyk. Indi suw bolman, birgiden gekdar enar we beýleki miweli baglar, dermanlyk ösümlikleri suwsuz gurap galdy" diýip, Magtymguly etrabynyň ýaşaýjy gürrüň berdi.

Sumbar derýasy gözbaşyny Eýrandan alýar. Soňky ýyllarda agyr suw krizisini başdan geçirýän goňşy Eýran suw çeşmelerinde bent gurup, suwy tygşytlamaga synanyşýar.

Magtymguly etrabynyň ýaşaýjylary soňky wagtda suwuň diňe derýada däl, eýsem ýer asty çeşmelerde hem esli azalandygyny aýdýarlar.

"Biz şu güne çenli öz hasabymyza guýy gazyp suw aldyk, emma ýyl-ýyldan guýularyň suwy aşak çökýär we her ýyl täzeden gazmaly bolýarys. Indi obamyzda ujypsyzja pula guýy gazyp işlejek oglanlar daşary ýurtlara iş gözleginde gitdiler, häzir guýy gazmaga adam galmady" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň Magtymguly etraby bir wagtlap baý tebigaty, tagamly miweleri we zeýtun agaçlary bilen ýurda belli bolupdy. Bu, etrabyň çäginden geçýän Sumbar derýasynyň suwuna bagly bolupdy.

Azatlygyň habarçylary Sumbar derýasynda suwuň azlyk edýändigi barada 15 ýyl mundan öň habar berip başlapdy. Şol döwürde hem ylyň ýagynly gelen wagtlary derýada suw bolup, ýylyň gurak gelen wagtlary derýa düýbüne çenli gurap galýardy.

Soňky ýyllarda Sumbar derýasynyň suw derejesi ýurduň beýleki suwly çeşmeleri bilen bir hatarda öň görülmedik derejede peseldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.