WSJ: ABŞ Eýrana müňlerçe Starlink terminalyny gizlin iberdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy Eýranyň häkimiýetleriniň ýanwarda uly göwrümli hökümete garşy protestleri güýç bilen basyp ýatyrmagyndan soň, Eýrana müňlerçe Starlink terminalyny gizlin ýagdaýda iberdi diýip, The Wall Street Journal neşiri 12-nji fewralda amerikaly resmilere salgylanyp ýazdy.
Neşiriň maglumatyna görä, Ak tam munuň bilen eýran häkimiýetleriniň interneti petiklemeginiň arasynda, protestçilere internete baglanmak mümkinçiliklerini üpjün etmäge synanyşypdyr.
Ýanwarda aýatollalaryň režiminiň protestleri basyp ýatyrmagynda, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatlaryna görä, müňlerçe aktiwist öldürildi. Protestler wagty ýurtda internet hem öçürildi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, ABŞ Eýranyň içine kontrabanda ýollar bilen 6000-e golaý toplum hemra internet enjamyny girizipdir. Neşirde bu Eýrana Starlink ulgamynyň ilkinji gezek göni iberilmegi hökmünde häsiýetlendirilýär.
