ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Täjigistanyň Hudžand koloniýasynda sakçy we tussag heläk boldy – Ozodi çeşmeleri

0

Täjigistanyň Sugdy welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Hudžand şäherindäki düzediş koloniýasynda adatdan daşary waka bolup, türme sakçysynyň we tussaglaryň biriniň heläk bolandygy barada maglumat gowuşýar. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Radio Ozodi habar berýär. Wakadan soň şäheriň güýç gurluşlary ýokary hüşgärlik derejesine getirildi.

Kanun goraýjy edaralardaky çeşmeleriň aýtmagyna görä, waka 31-nji ýanwar güni, tussaglar gezelenje çykarylan mahaly boldy.

“Tussaglaryň biri birden sakçynyň sapançasyny alyp, oňa ok atdy. Koloniýanyň işgäri şol ýerde heläk boldy. Beýleki sakçylar hüjüm edene garşy ot açdylar, ol öldürildi” diýip, Radio Ozodi bilen gürrüňdeş bolan çeşme aýtdy.

Habaryň neşir edilýän pursatyna çenli wakanyň resmi taýdan tassyklanandygyny we goşmaça jikme-jiklikleri almak başartmady.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, waka boýunça derňew başlandy, emma tussagyň sakça hüjüm etmeginiň sebäpleri häzirlikçe näbelli bolmagynda galýar.