ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Täjigistanda bir obanyň ýaşaýjylary haj üçin toplan pullaryny obalaryny abatlamaga berdi

0

Täjigistanyň demirgazygyndaky Şahristan raýonynyň Sogdiý obasynyň 100 müňe golaý ýaşaýjysy haj zyýaraty üçin toplan pullaryny, ýaşaýan obalaryny abatlamak üçin meýletin bagyş etdi. Haýyr-sahawat hökmünde berlen pullar 3 million somoni ($320 müň töwerek) boldy diýip, raýonyň başlygy Rabim Gafurzoda žurnalistlere mälim etdi.

Ol 30 müň somoni ($1.600) maliýe serişdesini tabşyramaga hiç kimiň mejbur edilmändigini, gaýta ýaşaýjylaryň özleriniň bu teklip bilen ýerli dini wekillere ýüz tutandyklaryny belledi.

Sebitiň ýolbaşçysy toplanan pullaryň esasan köçeleri we köprüleri abatlamak, elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle-de çagalar baglaryndaky şertleri ýokarlandyrmak üçin harçlanandygyny habar berdi.