ru24.pro
World News in Turkmen
Декабрь
2025
1 2 3 4 5
6
7
8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30
31

Azerbaýjanda daşary ýurtlarda ýaşaýan ýedi bloggere gaýybana ýyl kesildi

0

Azerbaýjanda daşary ýurtlarda ýaşaýan ýedi bloggere gaýybana, 9 ýyldan 14 ýyla çenli aralykda türme tussaglygy hökümleri çykaryldy.

APA habar gullugynyň maglumatyna görä, olar kezzaplykda, terrorçylyga, köpçülikleýin bidüzgünçiliklere, pitnä meçew bermekde we resminamalary galplaşdyrmakda aýyplanýar.

“Azerfredoom” YouTube kanalynyň ýolbaşçysy Gurban Mamedow we “Azad Söz” YouTube kanalynyň ýolbaşçysy Tural Sadygly 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, bloggerler Elşad Mamedow, Süleýman Süleýmanly, Orhan Agaýew, Rafael Piriýew we Orduhan Teýmurhan dagy bolsa dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olara garşy açylan jenaýat işiniň anyk sebäpleri belli däl.

"Kawkazskiý uzel" neşiri Piriýewe garşy gozgalan işiň onuň 2019-njy ýylda çap eden wideolaryndan gelip çykýandygyny habar berýär.

Derňewçileriň sözlerine görä, ol wideolarda blogçy Azerbaýjandaky häkimiýetleri agdarmaga, konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge we köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyryş edipdir.