Garaşsyzlykdan edilen tamalar çykmady - ýaşaýjylar
Türkmenistan 27-nji sentýabrda ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram edýär. Soňky ýyllarda bu baýramçylyk asyl senesinde, 27-nji oktýabrda däl-de, Aşgabatda geçirilen halkara sport ýaryşlary bilen baglylykda, sentýabr aýynyň aýagynda geçirilýär.
Köne hasapdan alnanda, 1924-nji ýylyň oktýabrynda döredilen Türkmenistan respublikasy gelýän aýyň aýagynda 101 ýaşaýar. Azatlyk bu goşa baýramçylyk mynasybetli, ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlaryň garaşsyzlykdan eden tamalary, umyt-arzuwlary we tejribeleri baradaky pikirlerini sorady.
Azatlyk pikirini aýdan raýatlaryň atlaryny olaryň howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.
"Ýurt başyna açgöz adamlar geldi”“Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, beýleki adamlar ýaly, menem ýurduň ösjegine, indi tutuş SSSR-e däl-de, özümize degişli bolan tebigy baýlyklarymyzyň halkyň bol-elinlikde ýasamagyna hyzmat etjegine çyndan ynanýardym. Sebäbi Türkmenistanyň togy, gazy özünden önýär, bu bolsa ýurduň ilatynyň bol ýaşamagy üçin gaty uly kömek bolar diýip garaşýardym. Ýöne bu bolmady, ýurt başyna açgöz adamlar geldi” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Onuň pikiriçe, garaşsyzlyk ýyllarynda SSSR döwründäki korrupsiýa, parahorluk has ýokarlandy, görülmedik derejelere baryp ýetdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe raýat korrupsiýanyň ‘başyna gitmegini’ gözegçiligiň tas düýpden aýrylmagy bilen baglanyşdyrdy.
“Parahorlugy SSSR döwründe öwrenen emeldarlar garaşsyzlykdan soň tohumy bilen ýurdy talap başlady we talamagy dowam edýär. Bu emeldarlaryň doýdum-doldumy ýok. Ýogsa bizde ýeterlik tok, gaz , suw, mes Toprak, ähli baýlyk bar. Bu baýlyklarymyzy dogry ulanyp bilsek, ýurtda gaty gowy ösüş gazanyp bolardy. Emma muny başarmadyk, ähli pudak dargady” diýip, özüni pedagog diýip tanadan raýat aýtdy.
"Alym-berim çagalar bagyndan başlanýar"Onuň pikiriçe, ýurtda bilim pudagy çökerildi, çagalar sowatsyz galýar, alym-berim çagalar bagyndan başlanýar.
“Saglyk pudagy dargady, adamlara dogry diagnoz hem goýup bilmeýärler, hassahana baranyňda ilki bilen puluňy soraýarlar, soň bejergä başlaýarlar” diýip, ýaşuly raýat oba hojalygynyň, maldarçylygyň hem dargadylandygyny öňe sürdi. Ol ýurdy ösdürmek, eger özünden sorasalar, korrupsiýa garşy açyk-aýdyň göreşden başlanmaly diýip pikir edýändigini aýtdy.
Balkandaky habarçymyz birnäçe lukman, pedagog, polisiýa ofiseri we beýleki ýaşaýjylar bilen gürleşip, ýaşy 55-den uly adamlardan we 35 ýaşan raýatlardan 34 ýyl garaşsyzlyk barada edýän pikirlerini soranda, ýaşuly nesliň arasynda Türkmenistanyň garaşsyzlygy esasan kagyz ýüzünde galýar diýip pikir edýän adamlaryň kändigine şaýat boldy.
“Garaşsyz döwlet bolmak üçin öz eliň, öz ýakaň bolmaly” diýip, 60 ýaşly balkanly aýtdy. Onuň pikiriçe, Türkmenistan häzire çenli, Orsýet sebäpli, Hazar deňzinden günbatara gaz geçiriji çekmek meselesini hem çözüp bilmeýär.
Şeýle-de, ol rus diliniň häzire-bu güne çenli hem ‘döwlet dili’ bolup galýandygyny, raýatlaryň resminamalaryndaky, pasportlaryndaky familiýalaryny hem üýtgedip bilmeýändiklerini, atalarynyň adyna sowet döwründe goşulan -ow, -wiç, -wa, -owna ýaly rus goşundylaryndan hem el çekip bilmeýändigini, bu ýagdaýlaryň Moskwanyň öňündäki garaşlylyk, gorky bilen baglydygyny öňe sürdi.
Aç-açanlykdan başlanan başlangyçlar 'basyldy'Balkanly söhbetdeşimiziň nebit-gaz pudagyndaky hünärmene salgylanyp aýtmagyna görä, daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa satylýan tebigy gazyň bahasynyň aýdylmazlygy olaryň köplenç örän arzan satylmagy bilen bagly we, bu ýagdaý Moskwanyň gaz söwdasyndaky täsiriniň hem güýçlüdigini yşarat edýär.
Uly nesliň wekilleriniň biri 1991-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli aralykda, SSSR-de 1985-nji ýylda başlanan aç-açanlyk, üýtgedip gurma başlangyçlary esasynda, metbugat, söz, pikir azatlygy meýilleriniň güýçli bolandygyny belledi.
Onuň pikiriçe, soňra erkin pikirli ýazyjylara, žurnalistlere, taryhçylara... edilýän basyş güýçlendi we, bu ýagdaý ýokary hünärli adamlaryň onlarçasynyň ýurtdan gitmegine, yzda galanlaryň pikirini aýtmakdan gorkup ýaşamagyna, ýaranjaňlyk edýän adamlaryň has köpelmegine getirdi.
Habarçymyzyň umytlar we reallyklar barada beren soragyna jogap beren raýat 34 ýylda bolan zatlaryň halk üçin, hususan-da ýaş adamlar üçin tejribe boljakdygyny, döwlet propagandasynyň we gorkuzmalarynyň hemişe netijeli bolup bilmejekdigini öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, durmuşdaky hakyky ýagdaý, eklenç meseleleri, çagalaryň okuwsyz, bilimsiz galmak howpy köp adamy pikirlenmäge, öz ýanyndan ýa dost-ýary, garyndaşlary bilen maslahatlaşyp, çykalga gözlemäge itekleýär.
“...bu durmuş, bir žurnalistiň öldürileni ýa beýlekileriň gorkuzylany bilen, bir ýerde durmaýar, 10, hatda 100 sany täze žurnalist ýa pikirini aýdýan adam peýda bolýar. Adamlar indi gynamalar, ölüm haýbatlary bilen gorkuzylmaz ýaly bir hala gelýär. Gorkmazak, jany ýanan, hasda beter möwç alýan, närazylyk pikirlerini aýdýan adamlar öňe çykyp başlaýar. Açyk öz adyna profil açyp, hökümetçi türkmenportal neşirinde, ýa-da Beýan tm saýtlarynyň tiktok sahypalaryna 90 göterim negatiw teswir galdyrmaga, hatda paýyş sözleri ýazmaga gorkmaýan adamlar köpelýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu gidişde hökümet adamlaryň pikirlerini diňlemäge, aýdylýan zatlardan netije çykarmaga mejbur bolar.
34 ýylyň tejribesi adamlary pikirlenmäge 'itekleýär'“...ýakyn taryhda awtoritar hökümetiň uzaga giden wagty ýok. Siriýanyň Asady, Yragyň Saddamy, Liwýanyň Kaddafiisi, Müsürdäki ýagdaýlar Berdimuhammedowlar üçin gowy sapak. Adamlara metbugat, söz azatlygyny, ykdysady erkinlik bermeli wagty geldi, hatda şu gün bermeli, ertir munuň Berdimuhamedowlar üçin giç bolmagy hem mümkin” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ‘bizde nebit-gaz, beýleki tebigy baýlyklar bar, halkymyz köp däl, bol-elin ýaşaýarys’ diýen pikirler hem ýokardan, hem aşakda, ýönekeý adamlaryň arasynda köp aýdylýardy. Emma indi, 34 ýylyň tejribesi, söhbetdeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, bu pikiri üýtgetdi.
“Nebit-gaza baý bolmak döwleti ösen derejä ýetirmek üçin ýeterlik däl, ynsaply we sowatly, mert prezident gerek. Urugwaýyň öňki prezidenti Hose Muhiko (José Mujica) ýaly, ýa-da goňşy Eýranyň öňki prezidenti Mahmut Ahmedi Nejat ýaly pes pälli, sada durmuşda ýaşap bilýän prezident döwleti ösdürip bilýär” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Ol Urugwaýyň öňki prezidentiniň ýurtdaky işsizligi azaltmak üçin özüne degişli bolmaly uçary, gymmatbaha awtouloglary peýdalanmakdan ýüz öwrüp, öz işinde uly netije gazanandygyny ýatlatdy.
“Berdimuhamedowlar maşgalasynyň rahatlygy üçin her ýyl diýen ýaly täze, gymmatbaha uçarlar, awtoulaglar, beýleki zatlar satyn alynýar. Olar sahnada, hamala moda görkezmesinde çykyş edýäne meňzeýär. Netijede, pensiýalar, aýlyklar gijikdirilýär. Bir adam döwlet emlägini isledigiçe sowurýan wagtynda nädip dünýewi, hukuk döwletini gurjak?” diýip, repressiýa aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýä