Paýtagtda täze awtobuslaryň köçe-ýol hadysalaryna uçramagy ýygjamlaşdy
Paýtagtda 15-nji sentýabrda işe girizilen täze awtobuslaryň köçe-ýol hadysalaryna uçramagy bilen bagly wakalar ýygjamlaşdy. Munuň bilen bir wagtda, Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmileri sürüjilerden awtobuslara ýetýän maddy zyýanyň öwezini dolmagy talap edýärler diýip, kärhanadaky ynamdar çeşmelerimiz we birnäçe sürüji aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Paýtagtyň köçelerinde Hytaýda öndürilen awtobuslar işe girizilenine heniz 10 gün bolmanka eýýäm birnäçe köçe-ýol hadysasyna boldy. Munuň netijesinde, awtobuslaryň dürli böleklerine zyýan ýetdi” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.
Türkmen metbugaty 8-nji sentýabrda Aşgabada Hytaýyň “Yutong” kysymly awtobuslarynyň 700 sanysynyň getirilendigini habar beripdi.
Awtobuslar sürüjiniň işini we ulagyň hereketini gözegçilikde saklaýan intellektual dolandyryş wideogözegçilik ulgamy, howa sowadyjylary, GPS hem-de ýolagçy hereketlerini yzarlaýan tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan diýlip, habarda aýdyldy.
“Köçe-ýol hadysalarynda awtobuslaryň öň ýagtylandyryjy çyrasynyň döwülmegi, daşyndaky demiriň ýemşermegi, boýagynyň çyzylmagy we sypjyrmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykdy. Käbir awtobuslaryň öňündäki maňlaý aýnasynda çat açdy” diýip, kärhanada awtobus sürüjisi bolup işleýän aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan bir suratda köçäniň gyrasynda yşyklandyryş çyralary ýerleşýän sütüniň täze awtobusyň üstüne agyp duran pursatyny görse bolýar. Şeýle-de, onda awtobusyň çyralaryna we aýnasyna zyýan ýetendigi görünýär.
Habarçylarymyz täze awtobuslaryň köçe-ýol hadysasyna ýygy-ýygydan uçramagyna nämäniň sebäp bolýandygyny, bularyň tehniki näsazlykmy ýa-da başga ýagdaýlar bilen baglanyşyklymy ýa-da däldigini anyklamaga çalyşýarlar.
Bu aralykda, birnäçe awtobus sürüjisiniň we çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmileri sürüjileri awtobuslara ýeten maddy zyýanyň öwezini dolmaga mejbur edýärler.
“Kärhananyň resmileri ýeten zyýanyň çykdajysyny sürüjileriň zähmet hakyndan her aýda aýlygynyň 50 göterimini saklap, öwezini doldurmak kararyna geldi. Karara we hasaplamalara görä, sürüjileriň käbiri üç-dört aý, käbiri hem bäş-alty aýlap tölemeli edildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Ýöne özlerine 3 müň manat zähmet hakynyň tölenýändigini aýdýan sürüjileriň biri kärdeşlerinden birnäçesiniň bu karara nägilelik bildirip, öz islegleri boýunça işden çykmak barada arza ýazandyklaryny aýtdy.
“Sürüjiler awtobuslarda strahowkanyň, ýagny tehniki ätiýaçlandyryşyň bolmalydygyny we munuň kärhana tarapyndan üpjün edilmelidigini aýdyp, olary aýlyklaryndan pul töläp abatlamajakdyklaryny aýtdylar. Ýöne kärhananyň ýolbaşçysy öwezini doldurýança, arzalaryna gol çekmejekdigini aýtdy. Dartgynlyk dowam edýär” diýip, sürüji anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy sentýabrda yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda döwlete degişli jemgyýetçilik awtobuslarynda we taksilerde ýüze çykýan näsazlyklary bejermegiň olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagyň köplenç sürüjileriň üstüne ýüklenýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.
Mundan başga-da, sürüjilere gündelik plan berlip, olardan döwlete her günde kesgitlenen pul serişdesini tabşyrmak hem talap edilýär. Sürüjiler bu talaplaryň juda agram salýandygyny, aýlyklaryndan ujypsyzja möçberiň özlerine galýandygyny aýdyp gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.