Ozalky uly täsirli baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa türmede aradan çykdy
Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Gurbanbibi Atajanawa tussaglykda, Daşoguzdaky aýallar koloniýasynda aradan çykdy, onuň 20 ýyllyk türme möhletiniň dolmagyna az wagt galypdy diýip, Azatlygyň çeşmesi merhumyň 26-njy sentýabrda öýüne getirilendigini we jaýlanandygyny habar berýär.
Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy hem, öz çeşmelerine salgylanyp, 78 ýaşyndaky Atajanowanyň ýogalandygyny habar berdi.
1997-nji ýylyň aprelinde ýurduň baş prokurory wezipesine bellenen Atajanowa 2006-njy ýylyň 24-nji apreline çenli, 11 ýyllap, ýurtda "iň gorkulýan" adamlaryň biri boldy, şol bir wagtda-da uly wesipeli resmileriň baş goşýan ogurlyklaryny 'paş ediji' hökmünde, 'adalaty dabaralandyryjy' tanaldy.
Synçylar prezident Saparmyrat Nyýazowyň ony öz syýasy garşydaşlaryndan dynmak, olary masgaralamak we talamak üçin "ulanandygyny", şol bir wagtda-da Baş prokuraturanyň, öz sözleri bilen aýdylanda, 'parahana öwrülmegine' göz ýumandygyny aýdýarlar.
Prezident Nyýazow 2001-nji ýylda Atajanowany ilkinji gezek Aşgabatda garyndaşlarynyň adyna ýazdyran "köşkleri" üçin berk tankyt etdi, 2006-njy ýylyň 10-njy aprelinde bolsa, "köp sanly düzgün bozmalar üçin" pensiýa ugratdy.
Artajanowa 2006-njy ýylyň 24-nji aprelinde hökümetiň mejlisler otagynda tussag edildi.
Ol toba edip, günäsini boýun alyp, meniň üç gyzym bar, oglum ýok diýip, göni ýaýlymda prezidenete ýalbaryp, günäsiniň geçilmegini sorady.
Döwlet telewideniýesiniň şol gün efire beren wideosy soň sosial ulgamlarda paýlaşyldy.
Resmi habara görä, Atajanowanyň 13 sany jaýy, kerpiç öndürýän kärhanasy, tüwi arassalaýan degirmeni, 5 sany awtoulagy, 3 traktory, buldozeri, 2 sany gurluşyk krany, 40 gektar mülki, 6 million dollardan gowrak puly, iki müňden gowrak gara maly we içinde nämäniň bardygy belli edilmedik 30 müň bedresi döwletiň haýryna geçirildi.
Atajanowa 2006-njy ýylyň maý aýynda, bellenen wezipesine ysnat getirendigi üçin, ähli derejelerinden we döwlet baýraklaryndan mahrum edildi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýa-da resmi mediasy ozalky täsirli prokuroryň aradan çykandygy barada maglumat bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär