ru24.pro
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27 28
29
30

Türkmenistanda 225 tussagyň günäsi geçildi

0

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, iş kesilen 225 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky permana gol çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat prezidentiň günäsi geçilenleriň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw edendigini belleýär.

Türkmen prezidenti adatça günäsi geçilen tussaglaryň işe ýerleşdirilmegini hem tabşyrýar. Ýöne öňki tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň arasynda soň, ikinji, üçünji gezek jenaýata baş goşýan adamlaryň sany barada maglumat berilmeýär.

Azatlygyň habarçylary öňki tussaglaryň soň häkimiýet wekilleri tarapyndan esassyz ýanamalara, dürli kemsitmelere sezewar edilýändigini, hususan-da mejbury zähmete çekilýändigini habar berýärler.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, türkmen türmelerindäki tussaglaryň umumy sany, saklanyş şertleri barada maglumat alyp bolmaýar. Tussaglaryň garyndaşlary, aklawçylary, howpsuzlyk aladalary sebäpli, garaşsyz metbugata maglumat bermekden saklanýarlar.