Türkmenistanlylar Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy barada näme pikir edýär?
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna barýar. Soňky ýyllarda bu baýramçylyk 27-nji oktýabrda däl-de, Aşgabatda geçirilen halkara sport ýaryşlary bilen baglylykda, sentýabr aýynyň aýagynda geçirilýär. Köne hasapdan alnanda, 1924-nji ýylyň oktýabrynda döredilen Türkmenistan respublikasy gelýän aýyň aýagynda 101 ýaşaýar.
Azatlygyň habarçylary ýurduň çar künjeginde dürli ýaşdaky adamlar bilen gürleşip, ýurduň soňky 34 ýylda, Garaşsyzlyk ýyllarynda gelen ýeri, sepgitleri hakynda pikirlerini sorady. Bu pikirler bilen dolulygyna hepdäniň altynjy güni, hepdäniň jemi programmamyzda tanşyp bilersiňiz. Häzir, hamyr ujundan petir diýip, bu gepleşikden bir bölegi eşitdirmegi makul bildik.
Lebap sebitindäki habarçymyzyň ýazmagyna görä, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar sebäpli, ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni köp adamy gyzyklandyrmaýar, ilat esasan çörek, eklenç aladasy bilen ýaşaýar.
“Garaşsyzlyk barada pikirlenmäge wagtym ýok” Çärjew etrabynyň Ulywahym obasynda ýaşaýan 45 ýaşly daýhan Azatlygyň 34 ýyllyk sepgit baradaky soraglaryny diňläp, “Garaşsyzlyk barada pikirlenmäge wagtym ýok, pikirlenesim hem gelenok” diýmek bilen çäklendi.
Türkmenabat şäheriniň orta mekdebinde Taryh hem-de Jemgyýeti öwreniş dersini okadýan mugallym bolsa, “Garaşsyzlyk diňe kagyz ýüzünde bar” diýip pikir edýändigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmenler SSSR döwründe Orsýete garaşlydy, “indi ataly-ogla we onuň açgöz tohumyna garaşly”.
“Garaşsyzlygy üçin göreşmedik millet garaşsyzlygyň gadyryny bilmez. Soýuz darganda, hatda intelligentsiýa wekilleriniň aglabasy ‘mugt sowgat berlen’ diýilýän garaşsyzlygyň gadyryny bilmedi. Indi-de bilmez. Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyny okadanymda, 11-12-nji synplarda okaýan okuwçylar ýurduň aslynda oktýabr aýynyň 27-nde öz garaşsyz bolanlygyny hem bilenoklar. Bu millet ýurduň “doglan gününiň” üýtgedilmegine ýol berdi. Garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek bilen, ataly-ogul türkmeni bütin dünýä masgara etdi, emma halk muny duýman galdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran taryh mugallymy aýtdy.
Şeýle-de, ol özüniň taryh mugallymy bolup, bu zatlar barada aç-açan gürrüň edip, bolan zatlary, olaryň sebäplerini okuwçylara düşündirip bilmeýändigini, oňa derek, ýokardan kesgitlenen maksatnama esasynda, diňe hökümet propagandasynyň çygrynda işlemeli bolýandygyny belledi.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri 1991-nji ýylda halkdan SSSR-iň düzüminde galmalymy ýa-da galmaly däl diýip soralandygyny, ýöne soň bu soraga berlen jogaplaryň hiç bir manysynyň bolmandygyny, beýleki respublikalar ýaly, Türkmenistanyň hem il ugruna garaşsyzlygyny yglan etmeli bolandygyny, munuň köp adam üçin garaşylmadyk, düşnüksiz waka bolandygyny, soň hem onuň gowy düşündirilmändigini belledi.
"Ýurtdaky sosial goraglylyk doly ýok edildi"Türkmenabat şäheriniň 374-nji kwartalynda ýaşaýan pensioner özüniň SSSR-iň düzüminde galmagy goldandygyny, emma bu pikiriň alga alynmandygyny aýtdy.
“Garaşsyzlygy alanymyzdan soň, belki, ähli zat gowy bolar, hakykatdan hem gowy durmuşda, özbaşdak durmuşda ýaşarys diýip umyt etdik, emma bolmady. Ondan soň alty-ýedi aýlap aýlyk alyp bilmedik, korrupsiýadan ýaňa gözüňi açar ýaly bolmady. Nyýazow halka mugt elektrik, gaz, aýallara sowgat beren bolup, halkyň gözüni-başyny aýlady. Nyýazow ölenden soň, Berdimuhamedow ilki-ilkiler ýa adamlara, ýa-da beýleki döwletlere gowy görünmek üçin, ‘Meni Nyýazowy garşylaýşyňyz ýaly garşy almaň, ýollarda durmaň’ diýen boldy” diýip, türkmenabatly pensioner onuň soň mugt ýa ýeňillikli bahadan berlen zatlary, hyzmatlary ýatyryp, Nyýazowdan-da beter bolandygyny, adamlaryň çäreden ýaňa gözüni açyp bilmeýändigini hem sözüne goşdy.
Pensioneriň sözlerine görä, ýurtdaky sosial goraglylyk doly ýok edildi.
“Men özümi garaşsyz duýamok, ýurduň garaşsyzdygyna hem ynanmaýaryn. Umuman, hakykatda döwletiň bardygyna hem ynamym ýok. 34 ýylda gören azabymyzy aýdyp hem oturmaýyn, ahyrynda gelip, ynha, bir çukura düşdük” diýip, türkmenabatly pensioner häzirki garyplygy, işsizligi nazarda tutup aýtdy.
Köýtendag etrabynda ýaşaýan magaryf işgäri hem adamlaryň garaşsyzlyk barada pikir etmäge ýagdaýynyň ýokdugyny, köp adamyň diňe bir döwüm çöregiň yzynda ‘sergezdan’ bolandygyny öňe sürdi.
“Adamlar garaşsyzlyk barada pikir edenok. Hökümetde işleýänler ‘Şol gün dynç güni, biraz öýde dynç alarys’ diýýärler, başga hiç zat diýmeýärler” diýip, magaryfçy ýurtdaky umumy ýadawlyga, dynç almak zerurlygyna ünsi çekdi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy “Nebit-gaza, ýer-suw mümkinçiliklerine, parahat, belli derejede sowatly ilata eýe bolan ýurt, dogrudanam, şu wagta çenli dünýewi, hukuk döwletini gurup bilermidi?” diýen soraga jogap berip, şeýle diýdi:
“Ýurduň nebit-gaza baý bolmaklygy dünýewi-hukuk döwleti gurmaklyk üçin esasy şert däl. Mysal üçin, BAE, Oman ýa-da Katar ýaly döwletler uglewodorod çig mallaryna baý bolany bilen, şol döwletlerde dünýewilik we hukuk ýok. Adam söwdasy, ilat arasynda aýdylýan düşünje - “haramçylyk”, žurnalistleriň we syýasy aktiwistleriň yzarlanyp öldürilmegi we şuňa meňzeş ýagdaýlar, meselem, BAE-de, Dubaýda giň duş gelýär. Dünýewi-hukuk döwlet bolmak üçin adam resurslary wajyp. Ol resurslar halk tarapyndan saýlanylmaly.” diýip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy öz pikirini aýtdy.
"Depede ot bitmese, towşanam gidýär"29 ýaşly dänewli ýigit “sowet döwründe ýetişen nesiller gidip barýar, täze nesiller ýetişýär, olar - 20-25, 30-45 ýaşlaryndaky adamlar ýurt, il-gün, döwletliligi gorap saklamak, berkitmek hakynda öňkülerden gowy pikir edip bilermi?” diýen soraga jogap berip, ýaşlaryň köpüsiniň bu ýurtdan nädip hem bolsa, diňe basymrak gitmek barada pikir edýändigini aýtdy:
“Ýaşululyar ‘Towşana dogduk depe’ diýýärler. Men bolsam olara: ‘Depede ot gutarsa, ol depede towşan hem durmaz’ diýip jogap berýärin. Elinde gujur-gaýraty bolan ýaşlar döwletlik barada pikir etmeýär, diňe daşary ýurda gitmek we şol ýerlerde galmak pikirini edýär. Döwletiň bitewiligi barada alada etmekden geçen, ‘Eger Owganastandan “Talyplar” we şuňa meňzeş güýçler ýurda gelip giräýse, bu režimi gorajak adam bolmaz’ diýýän tanyşlarym bir ýa iki däl. Bu diýmek näme? Adamlar döwlet bilen hökümetin tapawudyny hem bilenok” diýip, dänewli ýigit aýtdy.
Hormatly diňleýjiler, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan we dürli adamlaryň pikirleri esasynda taýýarlanan gepleşigimizi dolulygyna hepdäniň 6-njy güni diňläp bilersiňiz.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.