ru24.pro
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Özbegistanyň Kokand sebitinde “Hizb ut-Tahririň” gizlin toparynyň üsti açyldy

0

Özbegistanyň Fergana welaýatynda ýörite gulluklar ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” dini-ekstremistik guramasynyň gizlin toparynyň üstüni açdy. Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, bu topar ozal hem şeýle jenaýatlar üçin 9 ýyl türmede oturyp-çykan Kokandyň 63 ýaşly ýaşaýjysy tarapyndan döredilipdir.

Derňew maglumatlaryna görä, ol dört şärigi, şol sanda 2024-nji ýylyň aprelinde azatlyga çykmazyndan ozal, şol bir guramanyň işine gatnaşandygy üçin 23 ýyl türme jezasyny çeken 49 ýaşly adamy hem öz toparyna çekipdir. Toparyň agzalarynyň arasynda öň galplyk boýunça kazyýet jogapkärçiligine çekilen adam hem bar. Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, olar Kokandaky çaýhanalarda we kafelerde yzygiderli duşuşyp, “halyflygy” döretmek, ilatyň arasynda “Hizb ut-Tahrir” ekstremiski toparynyň pikirlerini ornaşdyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşypdyrlar we ekstremistiki ideologiýany ýaýradypdyrlar.

Olara garşy üç jenaýat maddasy boýunça, ýagny konstitusion gurluşa kast etmek, ekstremistiki materiallary taýýarlamak we ýaýratmak, gadagan edilen guramanyň işine gatnaşmak boýunça jenaýat işi gozgalypdyr.

Aýyplanýanlaryň ählisi tussag edildi.