Russiýada 47 müň türkmenistanly talyp bilim alýar – rus ilçisi
Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 47 müňden hem aşa türkmenistanly talyp bilim alyp, olaryň 7 müňi rus býujetiniň hasabyna okaýar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin türkmen metbugatyna mälim etdi.
Türkmenistanly ýaşlar ýurtdaky bilim pudagyndaky korrupsiýa we uniwersitetlere kabul edilýänleriň çäkligi sebäpli, ýokary bilim üçin esasan Russiýany we Türkiýäni, galyberse-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän käbir ýurtlary saýlap alýarlar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşemeleri soňky döwür Russiýada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň ýurduna deportasiýa edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan hem Türkmenistandaky, hem-de Russiýadaky birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, türkmen studentleriniň ençemesi Russiýada okuwynyň gapdalyndan gazanç edýär we şu sebäpden okuwyna dowamly gatnap bilmeýär. Russiýada bilim alýan türkmen ýaşlary soňky döwürde uniwersitetlerde studentleriň okuwa gatnap-gatnamaýandygy berk barlaýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanly studentleriň rus ýokary okuw jaýlarynda polisiýa tarapyndan tutulmagy baradaky habarlar sosial ulgamlarynda hem çap bolýar.
Polisiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde reýd geçiren wagtynda düşürlen wideoda polisiýanyň studentleri barlaýandygy, käbirini tutup alyp gidýändigini, ýaşlaryň örän aljyraňňy we gynandyryjy ýagdaýdadygyny synlasa bolýar.