Tramp polat we alýumini import etmek boýunça gümrük töleglerini 50%-e çenli ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp polat we alýumini import etmek boýunça gümrük tölegleriniň möçberini 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Ak tam habar berýär. Täze düzgünler 4-nji iýundan güýje girýär.
Täze gümrük tölegleri Britaniýadan başga ähli ýurtlardan getirilýän import harytlaryna degişli bolar. ABŞ bilen Britaniýanyň arasyndaky ozalky söwda ylalaşygyna laýyklykda, bu ýurtdan getirilen import üçin tölegler öňküligine, ýagny 25% derejesinde saklanar. 9-njy iýula çenli ABŞ bilen Britaniýanyň täze gümrük nyrhlary ýa-da kwotalar boýunça ylalaşyk baglaşmagyna garaşylýar.
Resminamada “daşary ýurtlaryň ABŞ-nyň bazaryny arzan bahaly polat we alýumin bilen doldurandygy”, şeýle-de “polat importynyň derejesiniň we dünýäde onuň artykmaçlyk etmeginiň ABŞ-nyň içerki ykdysadyýetini gowşadýandygy we milli howpsuzlyga howp salýandygy” bellenilýär. Trampyň pikiriçe, gümrük tölegleriniň ýokarlandyrylmagy “ABŞ-nyň polat we alýumin senagatyny pugtalandyrar”.
Tramp mart aýynda polat we alýumin importyna 25%-lik gümrük töleginiň girizilýändigini yglan edipdi, bu çäreler aprel aýynda güýje giripdi. Şol wagt Trampyň söwda boýunça geňeşçisi Piter Nawarro bu çäreleriň içerki polat we alýumin öndürijilerini güýçlendirmek arkaly milli howpsuzlygy berkider diýip belläpdi.