Gazagystanda bir zenan messenjerde “terrorizmi wagyz etmekde” günäli tapyldy
Gazagystanda paýtagt Astanada ýaşaýan bir zenan “terrorizmi wagyz etmek” aýyplamasy esasynda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi diýip, şäher prokuraturasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Kazyýet işiniň materiallarynda onuň Telegram messenjerindäki toparlaýyn söhbetdeşlikde dini sebäpler bilen bagly ýaragly konflikleri goldaýan pikirleri beýan edendigi aýdylýar. Şeýle-de, bu zenan Siriýa göçmegi meýilleşdiripdir we, bildirilen aýyplama laýyklykda, ol ýerde iki ýaş gyzyny terrorçy toparlaryň agzalaryna durmuşa bermekçi bolupdyr. Ol Almatynyň aeroportunda daşary ýurda gitmek synanyşanda tussag edilipdir.
Sud aýaly ýedi ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyna höküm etdi. Prokuraturanyň beýanatynda sud jogapkäriniň öz günäsini boýun alandygy ýa-da almandygy görkezilmeýär.
Gazagystanda Siriýadaky we beýleki ýurtlardaky terrorçy ýaragly toparlara gatnaşygy sebäpli ýurt raýatlaryna garşy çykarylan sud kararlaryna ýygy-ýygydan duş gelinýär.
Gazagystanyň kanunçylygy beýleki ýurtlaryň çäklerindäki ýaragly konflikte gatnaşmagy gadagan edýär. Siriýadan we Yrakdan dolanan käbir raýatlar “hakyna tutma söweşiji” maddasy boýunça kazyýet jogapkärçiligine çekilipdi.