Türkmenistanlylar Türkiýede ýaşamak rugsadyny alan daşary ýurtlylaryň arasynda birinji orunda durýar
Türkiýede ýaşaýyş rugsady bolan daşary ýurtlylaryň arasynda türkmenistanlylar birinji orny eýeleýär. Bu barada Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň 3-nji apreldäki resmi maglumatlarynda bellenilýär.
Şol senä çenli 121 müň 990 türkmenistanly Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsada eýe bolupdyr.
Ikinji orny Azerbaýjanyň raýatlary (85 müň 331 adam), üçünji orny bolsa Russiýanyň raýatlary (81 müň 413) eýeleýär. Ilkinji bäşligiň hatarynda Eýran (76 müň 416) we Siriýa (73 müň 63) hem bar.
Student ýaşaýyş rugsady boýunça hem türkmenistanlylar 28 müň 725 adam görkeziji bilen birinji orunda durýar. Gysga möhletleýin ýaşamak rugsady boýunça Türkmenistan üçünji orny eýeleýär (49 müň 910 adam), bu görkeziji boýunça diňe Yrak we Siriýa öňde durýar.
Maşgala ýaşaýyş rugsady boýunça bolsa, 10 müň 472 türkmenistanly Türkiýede ýaşaýar, bu görkeziji boýunça türkmenistanlylar Russiýanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň raýatlaryndan soň dördünji ýerde durýar.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Türkmenistanyň hökümetiniň haýyşy esasynda, Türkiýe türkmen raýatlary üçin wiza talaplaryny girizdi.