ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25 26
27
28
29
30

ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara täze söwda paçlary indi 145%

0

ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara girizen täze söwda paçlarynyň derejesi indi 125% däl-de, 145%- boldy.

Bu barada CNBC teleýaýlymy Ak Tamdaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, 9-njy aprelde prezident Donald Tramp Hytaý üçin paçlary 84%-den 125%-e ýokarlandyrmak baradaky karara gol çekende, bu goşmaça salgyt derejesi öňden hereket edýän 20% “esasy” paçlary hasaba almandyr.

Tramp Hytaý üçin salgytlary ýene-de ýokarlandyrmak baradaky kararyny Pekiniň “dünýä bazarlaryna hormatsyzlygy” bilen düşündirdi.

“Bir wagtlar, umyt edýärin, ýakyn geljekde, Hytaý ABŞ we beýleki ýurtlary aldap bilmejekdigini we munuň kabul ederliksizdigini düşüner” diýip, Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

9-njy aprelde Hytaý ABŞ-nyň paçlaryna jogap hökmünde, Birleşen Ştatlardan getirilen harytlara salgytlary 84%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi.

Hytaý ABŞ administrasiýasyna boýun egmejekdigini we täze paçlar bilen baglylykda Bütindünýä Söwda Guramasyna şikaýat edendigini aýtdy.

10-njy aprelde Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat sekretary He Ýunçzýan, eger-de ylalaşmak başartmasa, onda Pekiniň barha gyzyşýan söwda urşunda “ahyryna çenli göreşjekdigini” aýtdy.

Ol “dialog üçin gapynyň açykdygyny, ýöne onuň özara hormat esasynda we deň şertlerde alnyp barylmalydygyny” belledi.