Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady
Şu günler musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Balkan welaýatynyň sebit merkezindäki söwda dükanlarynda we bazarlarda iýmit önümleriniň bahalary ortaça 1,5 esseden gowrak gymmatlady. Günüň dowamynda agyzlaryny bekläp, agzaçar sadakalaryny berýän adamlar bazarlarda bahalaryň ýokarlandyrylmagyndan nägile bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy käbir azyk önümleriniň bahalary boýunça maglumat toplady.
“Bananyň bir kilogramy 35 manatdan 50 manada, apelsin 15 manatdan takmynan 25-26 manada, mandarin 12 manatdan 22 manada, iň arzan hurma 25 manatdan 30 manada çenli gymmatlady, almanyň bir kilogramy 30 manat” diýip, bazarlarda alyjylar aýdýar.
Şeýle bolanda, miwe önümleri adaty aýlar bilen deňeşdirilende Oraza aýynda ortaça 44 göterim çemesi, ýagny takmynan 1,44 esse gymmatlady. Ýerli ýaşaýjylara görä, agzaçar sadakalary berlende saçaklar miwe önümleri bilen bezelýär, myhmanlara dürli tagamlar hödür edilýär. Ýöne emele gelen gymmatçylyk şeýle däpleriň amal edilmegini kynlaşdyrýar.
Türkmenistanyň gurak tebigy şertleri apelsin, mandarin we hurma ýaly sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin kän bir amatly däl, şonuň üçin şeýle önümleri esasan daşary ýurtlardan import edilýär, ýöne ýurduň Balkan welaýatynda, günorta-günbatar sebitlerde bu önümleri ýetişdirip bolýar.
Bu sebit balyk hojalygy bilen hem öňe saýlanýar, ýöne welaýat merkezinde soňky iki hepdeden gowrak wagtyň dowamynda deňiz we derýa balyklarynyň bahalary hem ep-esli gymmatlaýar.
“Deňiz balyklaryndan kefal balygynyň bir kilogramynyň bahasy 60 manatdan 90 manada, gara balyk 150 manatdan 220 manada gymmatlady, bekre balygy 500 manatdan 800 manada çenli bahalanyp bilinýär” diýip, bazarlardaky alyjylar aýdýar.
Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän sebitde balyklaryň dürli görnüşleriniň bahalarynyň gymmatlamagy ýerli ýaşaýjylaryň arasynda, hususan-da, Oraza aýynda agyz bekläp, agzaçar sadakalaryny berýän adamlaryň arasynda nägileliklere sebäp bolýar.
Deňiz balyklary bilen bir hatarda lakga, sazan we ak amur ýaly derýa balyklarynyň bahalary hem ýokarlandy.
“Bir kilogram lakga balygy 170 manatdan 280 manada, ak amur 180 manatdan 250 manada, sazan balygy 150 manatdan 200 manada çenli gymmatlady” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Şeýlelikde, balygyň ortaça bahasy adaty aýlar bilen deňeşdirilende, Oraza aýynda 53 göterim, takmynan 1,5 esse çemesi ýokarlandy.
Bu döwürde, hususan-da, et we et önümleri hem ilat arasynda uly islegden peýdalanýar, ýöne häzirki wagtda bir kilogram etiň bahasy hem adaty aýlar bilen deňeşdirilende birnäçe esse gymmatlady.
Gelip gowşan iň soňky täzeliklere görä, şäheriň söwda nokatlarynda bir kilogram jylka sygyr etiniň bahasy 90-110 manat aralygynda bahalanýar, süňkli sygyr etiniň bir kilesi 70 manat.
Soňky bahalar bilen etiň nyrhynyň tutuş ýurt boýunça rekord derejelere ýetdigi bolýar. Soňky wagtlarda onsuzam ýurduň dürli sebitlerinde sygyr etiniň bahasy gymmatlap başlapdy.
Martyň başlarynda ýurduň gündogar Lebap welaýatynda etiň bahasy 80-82 manada çenli ýokarlanypdy. Mary welaýatynda, şol gabatlar, bir kilogram et 65 manat töwereklerinde bahalanýardy.
Söwda resmileri et gymmatçylygynyň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Ýöne Oraza aýy bilen baglylykda has-da ýokarlanýan bahalar fewral we mart aýlarynda Balkan welaýatynda mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy barada berlen habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.
“Bazarlarda we söwda merkezlerinde agzaçar sadakalaryna zerur bolan azyk önümleriniň bahalaryny emeli usullar bilen ýokarlandyrýarlar. Emeli gymmatçylyk dindarlar tarapyndan ýazgarylýar” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda Oraza aýynyň dowamynda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy boýunça söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Ýöne Türkmenistanda soňky aýlarda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy Oraza aýyndan ozal hem ýaramazlaşyp başlapdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary fewral aýynyň ilkinji hepdesinde Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde käbir azyk önümleriniň bahalarynyň 200 %-e çenli gymmatlandygyny habar berdiler. Şonda käbir gök-bakja önümleri iki esse çemesi gymmatlapdy, ozal 60-65 manatdan bahalanan etiň bahasy 70-75 manada çykypdy. Bu bahalar biraz soň, has-da ýokarlandy.
Fewralyň ortalarynda Balkanabatda ýerli unuň gytçylygy emele geldi, aýyň ahyrlarynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýerli unuň 50 kilogramlyk bir haltasynyň bahasy ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykyp, 650 manada çenli gymmatlady. Ilat arasynda köplenç 50 kilogramlyk haltalarda satyn alynýan unuň bahasy geçen ýylyň ilkinji aýlarynda 250 manatdan bahalanýardy we bu baha belli bir möhlete çenli saklanyp galypdy.
Soňky wagtlarda ýurtda beýleki käbir azyk önümleriň üpjünçiligi hem ýaramazlaşýar. Geçen aýyň ahyrlarynda paýtagt Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda günebakar ýagy gymmatlap, onuň bir litriniň bahasy 18 manatdan 26 manada çenli ýokarlandy. Biraz soň, Balkan welaýatynda günebakar ýagy söwda tekjelerinden ýitirim boldy, ýerli ýaşaýjylar bu ýagy diňe sanlyja marketlerden bir litriniň bahasyna 33 manat töläp satyn alyp bolýandygyny aýtdylar. Söwda pudagyndan habarly çeşmeler şonda bu önümiň bir litriniň döwlet bahasynyň geljekde 18 manatdan 29 manada çykarylmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly bazarlarda yzygiderli ýokarlanýan bahalaryň ilatyň girdejilerine gabat gelmeýändigini, harytlaryň bahalary bilen ilatyň aýlyk zähmet haklarynyň arasynda uly tapawudyň bardygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1410 manat möçberinde kesgitlendi, şeýle-de pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplamagyň binýatlyk ululygy 550 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamagyň binýatlyk möçberi bolsa, 520 manat hökmünde kesgitlendi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.