ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Häkimiýetler suw üpjünçiligindäki bökdençlige nägilelik bildirýän raýatlaryň sanawyny polisiýa tabşyrýar

0
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň häkimiýetleri bir aý bäri suwsuz kösenýän ilatyň problemasyny çözmegiň deregine, arz edýän raýatlaryň sanawyny etrap polisiýasyna tabşyrýar.


Etrap polisiýasy bu raýatlary soraga çekip, olary basyşlara, gorkuzmalara we kemsitmelere sezewar edýär. Bu ýagdaýlar barada etrap ýaşaýjylarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.


“Büzmeýin etrabynyň käbir ýaşaýyş toplumynda bir aýa golaý wagt bäri agyz suwy ýok. Fewral aýynyň başyndan bäri suw günüň dowamynda ýarym sagat irden we ýarym sagat giçlik berlen bolsa, soňky 10 günden gowrak wagt bäri ne gyzgyn, ne agyz suwy berilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 10-njy martda aýtdy.


Suw üpjünçiligi kesilen jaýlaryň ýaşaýjylary Büzmeýin şäheriniň agyz suw kärhanasyna we etrap häkimligine jaň edip, öz arzlaryny gaýta-gaýta bildirdiler.




Agyz suw kärhanasynyň resmileri anyk düşündiriş bermeýän mahaly, häkimligiň kabulhanasynda telefon jaňlaryna jogap berýän kätip ýaşaýjylara problemanyň sebäbini “suw sorujy nasoslaryň ejizligi” bilen düşündirdi.


"15 gije-gündiz tussag ederis"

“Birinji hepde kätip “suw sorujy enjam täzelenenden soň düzeler” diýip jogap beren bolsa, ikinji hepde “howuzlar dolandan soň, suw kadaly üpjün ediler” diýip, ýaşaýjylary ýagşy sözler bilen aldady” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Soňky bir hepdeden gowrak wagtyň dowamynda bolsa, etrap polisiýasy häkimlige arza edip, suw üpjünçiliginiň kesilmegine nägilelik bildiren hojalyklary çagyryp, olary basyşlara, gorkuzmalara we kemsitmelere sezewar edýär.


“Arz edenleriň aglabasy aýallar bolsa-da, polisiýa işgärleri olaryň adamysyny çagyryp, “siz öz maşgalaňyza diýeniňizi etdirip bilmeýärsiňizmi? Sizden erkek bolarmy? Öýdäkileriňize diýeniňizi etdirip bilmeýän bolsaňyz, sizi 15 gije-gündiz tussag ederis” diýip, haýbat atdylar” diýip, ýaşaýjy belledi.


Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, hojalyklaryň erkekleri tebigy hajatlar üçin suw zerurlygynyň bardygyny aýdyp, polisiýa işgärlerine ýagdaýy düşündirmäge synanyşypdyrlar.


"Häkim sanawy polisiýa tabşyrdy"

“Erkekler zenanlaryň ýuwunmak, ardynmak, nahar bişirmek üçin suwa has-da mätäçlik çekýändigini, olaryň şol sebäpli häkimlige jaň edýändigini hem aýtdylar. Ýöne polisiýanyň serkerdesi “azrak gepläň-de, özüňize mesele gözlemeýän bolsaňyz, öýdäkileriňize jaň etmezligi tabşyryň” diýdi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Etrap häkimligindäki ygtybarly çeşmämiziň tassyklmagyna görä, polisiýanyň raýatlara basyş etmegine, ilatyň “sabyr käsesi dolup”, nägileçilikli jaňlaryň artmagy bilen, etrap häkimliginiň kätibiniň arz edýän hojalyklaryň sanawyny düzüp, etrap häkimine tabşyrmagy sebäp bolupdyr.


“Häkim hem öz gezeginde, etrap polisiýa bölüminiň başlygyny ýanyna çagyryp, arz edýän hojalyklaryň sanawyny berip, olara gysyş görkezmek barada görkezme berdi” diýip, çeşmämiz aýtdy.




Azatlyk bu aýdylanlar barada Büzmeýin etrap häkimligi we polisiýa bölümi bilen habarlaşyp, resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne 10-njy martda redaksiýamyzyň Aşgabat şäher häkimliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Ýaşaýjylar suw satyn alyp, oňuşmaly bolýarlar

Bu aralykda, etrap ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary çözülmän, saklanyp galýar. Ilat esasan hajathana zerurlyklary bilen bagly juda kösenýär.


“Suw akmaýandygy sebäpli hajathanalarda ýakymsyz ys emele gelip, tutuş binanyň töweregine ýaýraýar. Ýaşaýjylar dükanlardan ýa-da sargap, 20 litr plastik çüýşelerde suw satyn alyp, oňuşyk etmeli bolýarlar” diýip, etrabyň ýene bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Ýaşaýjylar ýaşaýyş jaýlaryna suw daşaýan ulaglar bilen hojalyklara suwlaryň paýlanmaýandygyny hem aýdýarlar.


Azatlyk üpjünçilik meselesi boýunça şäher häkimliginden hem-de “Aşgabatagyzsuw” birleşiginden teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň şäher we oba ýerlerinde, paýtagtynda ilat agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Bulara suw geçiriji turbalaryň hatardan çykmagy bilen bir hatarda, iri suw toplumlarynyň ýerleşýän sebitinde ýüze çykýan näsazlyklaryň sebäp bolýandygy barada habarçylarymyz maglumat berýärler.


Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň suw üpjünçiligindäki problemalar barada aç-açan mesele gozgamaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.