ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Orsýetde okaýan türkmen ýaşlary ýurduna deportasiýa edilýär

0
Orsýetde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň ýurduna deportasiýa edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpelýär. Orsýetiň migrasiýa wekilleriniň Merkezi Aziýaly migrantlary tutup, ýurtdan çykarmak boýunça alyp barýan giň gerimli çäreleriniň çäginde türkmen raýatlary hem tutulýar. Soňky wagtda olaryň arasynda studentleriň sanynyň köpelendigini Azatlygyň Türkmenistandaky we Orsýetdäki çeşmeleri aýdýarlar.


"Russiýada okaýan türkmen studentleri yzygiderli otçisleniýa düşüp, öýlerine deportasiýa edilip, ugradylýar" diýip, Azatlygyň habarçysy soňky günlerde rus ýokary okuw jaýlarynda okuwdan çykarylan ýaşlaryň polisiýa tarapyndan tutulyp, alnyp gidilmegine degişli hadysalaryň göz-görtele köpelendigini 10-njy martda gürrüň berdi.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, türkmen studentleriniň ençemesi Orsýetde işleýär we şu sebäpden olaryň arasynda okuwa gatnamaýanlar az däl.




"Olar okuwa derek işleýärdiler we diňe okuw töleglerini geçirip, okuwa-da kä günler barandyklaryny aýdýarlar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.


Orsýetde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň sözlerine görä, soňky döwürde daşary ýurtlulara üns esli güýçlenipdir.


Uniwersitetlerde studentleriň okuwa gatnap-gatnamaýandygyny berk barlaýarlar. "Okuwa barmaýan studentleriň sanawyna görä, bir gruppada 10 adam ýok" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.


Şeýle-de, rus uniwersitetlerinde daşary ýurtly studentleriň rus dilini bilişini barlamak üçin yzygiderli ekzamenler geçirilýär.


Synaglaryň netijesinde we beýleki sebäplere görä okuwdan çykarylýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň köpelendigini bellemek bilen çeşmeler, şeýle ýaşlaryň polisiýa tarapyndan tutulyp alnyp gidilýändigini we olaryň soň deportasiýa edilýändigini gürrüň berýärler.


"Russiýanyň uniwersitetleri tölegli fakultetlerine artyk okuwçylary alandygy sebäpli hem köp student otçisleniýa düşýärler. Köp ene-atalar çagalaryny bergi edip, okuwa ugradýarlar. Türkmenistandaky ene-atalar näme etjegini bilmän alada edýärler" diýip, anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň biri aýdýar.


Çeşmeler köp ýaş oglanlaryň we gyzlaryň Orsýetde okamak we işlemek üçin barýandygyny aýdýarlar. Türkmen ýaşlarynyň arasynda Russiýanyň tölegli okuw jaýlaryna dokument tabşyryp, gazanç etmek mümkinçiligine hem eýe bolmak üçin okuwa girýän az däl.


Işiň gapdalyndan okuwyna ýetişmeýän käbir ýaşlar ýagdaýdan çykalga tapmak üçin dürli mümkinçilikleri gözlemeli bolýarlar.


"Russiýadan gaýtmajak bolup, tehnikum ýaly okuw jaýlaryna geçenler hem bar" diýip, çeşme gürrüň berýär.


Sosial ulgamlarynda paýlaşylýar

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň Orsýetde duçar bolan şeýle ýagdaýyna resmi reaksiýasy nämälim galýar. Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky türkmen ilçihanasyndan teswir almak boýunça eden synanyşygy başa barmady.


Türkmenistanly studentleriň rus ýokary okuw jaýlarynda polisiýa tarapyndan tutulmagy baradaky habarlar sosial ulgamlarynda hem çap bolýar. Soňky günlerde sosial ulgamlarda wideolar hem paýlaşylýar.


Polisiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde reýd geçiren wagtynda düşürlen wideoda polisiýanyň studentleri barlaýandygy, käbirini tutup alyp gidýändigini, ýaşlaryň örän aljyraňňy we gynandyryjy ýagdaýdadygyny görüp bolýar.


Şeýle-de, Moskwanyň Domodedowo aeroportunda polisiýanyň gözegçiliginde topar bolup barýan türkmen raýatlaryny görkezýän wideolar hem bar.




Daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýaşlary okuwy üçin töleglerine Türkmenistandan pul geçirmekde ýyllarboýy uly kynçylyklara sezewar bolup gelýärler. Şeýle-de, türkmen raýatlary daşary ýurtlarda okuwyny tamamlap, alan diplomlaryny Türkmenistanda tassyklatmakda kynçylyk çekýärler.


Muňa garamazdan türkmen ýaşlary daşary ýurtlara okuwa gidýärler.


Türkmen studentleriniň sany

Orsýetiň we Türkiýäniň uniwersitetleri türkmen ýaşlarynyň arasynda has meşhur hasaplanýar. Russiýanyň resmi maglumatlaryna görä, bu ýurtda 30 müňden gowrak türkmen raýaty ýokary bilim alýar we daşary ýurtly türkmen talyplarynyň sany boýunça bu ýurt birinji ýerde durýar.


Türk Migrasiýa gullugynyň habaryna görä, Türkmenistandan 17 300 student türk uniwersitetlerinde okaýar.


Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda Orsýetde zähmet migrasiýasyndaky türkmen raýatlarynyň arasynda deportasiýa edilip, ýurduna dolanýanlaryň hem esli köpelendigini habar beripdi.


Türkmenistanyň Orsýetdäki raýatlarynyň umumy sany belli däl. Türkmen hökümeti zähmet migrasiýasyna we öz raýatlarynyň daşary ýurtlardan deportasiýa edilmegine degişli resmi sanlary çap etmeýär we bu meseläni resmi derejede gozgamaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.