ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Mark Karni Kanadanyň täze premýer-ministri bolar

0
Angliýanyň bankynyň hem-de Kanadanyň bankynyň öňki başlygy Mark Karni Kanadanyň iş başyndaky Liberal partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Ol ýanwar aýynda özüniň işden çekilýändigini yglan eden premýer-ministr Jastin Trudonyň ornuna geçer,


Öz partiýasynyň ýolbaşçy saýlamak boýunça geçirilen içerki ses berişliginde, Trudonyň hökümetinden bolmadyk ýeke-täk agza bolan Karni sesleriň 86 göterimini aldy diýip, BBC habar berýär.


Ol öz çykyşynda Kanadanyň asla Birleşen Ştatlarynyň bir bölegi bolmajakdygyny aýtdy we Donald Trampy öz ýurduny hem-de onuň baýlyklaryny almaga synanyşmakda aýyplady.


Biraz öň, Kanadynyň asla ABŞ-nyň "51-nji ştaty bolmajakdygyny" tutanýerlilik bilen aýdan Trudo özüniň hoşlaşyk çykyşynda öz ýurdunyň “eksistensial, ýagny barlyk krizisi” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.


Käri boýunça ykdysatçy bolan Mark Karni 2008-2013-nji ýyllar aralygynda, maliýe krizisi döwründe, Kanadanyň bankynyň ýolbaşçysy boldy. Ol soňra Angliýanyň bankyny dolandyrdy we Trudonyň ykdysadyýet boýunça geňeşçisi boldy. Ýöne ol soňky wagtlarda Trudony ykdysady meselelere üns bermezlikde tankytlady.


Jastin Trudo 2013-nji ýyldan bäri Liberal partiýany dolandyrýar. Ol 2015-nji ýylda Kanadanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Trudo hökümet krizisiniň arasynda, 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda wezipeden çekilýändigini yglan etdi.