ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

"Bar kynçylyklara garamazdan!" Nädip maýyp aýal el hünärine geçdi we ondan gazanç edýär?

0
Elbukja, kiçijik örme torbalar, çaga öňlükleri hem çaga jorapjygy, monjuklar we bezegler, ýakymly ysly sabynlar – bularyň ählisi Duşanbe şäherinde ýaşaýan 55 ýaşly Dilorom Murodowanyň elinden gelýär. Aýal 20 ýyldan gowrak wagt bäri rewmatiki poliartritiň çylşyrymly we anyklanmadyk derdi bilen ýaşaýar. Ol dört çagany ýeke özi terbiýeläp ýetişdirdi, emma ruhdan düşmedi. Ol işlemegi başardy hem pul gazanyp, başgalara kömek etmäge-de güýç tapdy.




– Men bulary nädip öwrendim? YouTube’den ussatlyk sapaklaryny alyp başladym. Ozal bir hünäri, soňra beýlekisini, soň üçünjini öwrendim. Men Hytaýdan gerekli enjamlary satyn almagy öwrendim – olar bize garanda has arzan bolup çykdy. Öndüren harytlarymy sosial ulgamlar arkaly satýaryn. Iki aý mundan ozal Istargram sahypamy açdym. Häzir oňa ýazylanlar az. Basym köpeler diýip umyt edýärin. Meniň tutuş ýurt boýunça harytlarymy ýaýradyjylar bar – diýip, Dilorom Murodowa gürrüň berýär.


Biz iş otagy bolup hyzmat edýän kiçijik jaýda otyrys. Ol ýerde iş stoly, dermanlar, suw, gurallar, monjuklar hem dürli lentalar, şeýle hem ýaňy-ýakyndan bäri zerur bolan kamera bar. Dilorom öz önümlerini sosial ulgamlarda goýmak üçin, wideolary we suratlary düşürmegi öwrendi. Otagyň bir burçunda satuwa taýýar edilen el işleri görkezilip goýlupdyr. Töwerekde hünärmen zenanyň ýoldaşlary – owadan ýelekli Wenera atly toty hem Monjuk atly pişigi hereket edýär.


—Bular meniň kömekçilerim— diýip, ol ýylgyrýar.


Hünärmen aýal täze başlan işi barada gürrüň berýär. Ol gara monjuk düzülen elbukja. Işiň oňa ýeňil düşmeýändigi belli, ýöne Dilorom iňňe bilen ezberligini görkezýär: sähel wagtda täze elbukjanyň iki bölegini biri-biri bilen berk baglanyşdyrdy.


20 ýyl mundan ozal onda rewmatiki poliartrit keseli anyklandy. Şeýle hem onda bogunlaryň deformasiýasy ýüze çykdy. Häzir ol bu keseliň 4-nji, iň agyr tapgyryny başdan geçirýär.


«Bu bildirgisiz ýagdaýda, ýurdumyzda uruşdan soňky kyn ýyllarda başlandy. Hünärim boýunça men şepagat uýasy, ýöne maşgalada ýeterlik pul bolmansoň, söwda geçdim. Yssyda-da, sowukda-da bazarda söwda çykdym. Megerem, gyşyň sowugynda bu kesel dörän bolmaly, ilki ellerimiň bogunlaryna, soňra aýaklarymyň bogunlaryna täsir etdi» diýip, Dilorom aýdýar.


Ýanýoldaşy barada hiç zat agzamaýar, keseli agyrlaşyp başlanda, olar aýrylyşypdyrlar.




Aýalyň aýtmagyna görä, şeýle şertlerde ol göwnüçökgünlige ýol bilmän, dört çagany terbiýelemegi alada edipdir. Şol wagt olaryň iň kiçi çagasy bir ýaşynda eken. Uly gyzy, lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby bolansoň, ejesine seretmek üçin, okuwyny taşlamagy göwnüne düwüpdir, emma ejesi oňa rugsat bermändir. Ol ýokary bilim almagyň wajypdygyny aýdypdyr.


«Häzir meniň iki uly gyzym wraç bolup işleýär, iki kiçi gyzym hem student.»


«Olardan myhmanyň ýanyna çykmazlyk haýyş edýärler»

Täjigistanyň maýyplar birleşiginiň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň başynda ýurtda 167 müňe golaý adam maýyp hasaplanýar, bu mundan bir ýyl ozalkydan 1400 adam köp. Olaryň takmynan 40% aýallardyr.


“Iştirok” maýyplar ligasynyň başlygy Saida Inoýatowanyň Azatlyk Aziýa  gullugyna aýtmagyna görä, Dilorom ýalylar diňe bir saglyk ýagdaýynyň çäklidigi sebäpli däl, eýsem, aýal bolandyklary üçinem birnäçe kemsitmelere sezewar bolup bilýär. Täjigistanda häzire çenli şeýle zenanlaryň özbaşdak ýaşap, maşgala döredip, işläp biljegine ynamsyz garaýyşlar köp.


«Köplenç olary dört diwaryň arasyna baglaýarlar. Öýe myhman gelende, ondan dogan-garyndaşlarynyň ýanyna çykmazlygy haýyş edýärler. Olar başga bir otagda ýekelikde oturyp, myhmanlaryň çagalaryna seredýärler» diýip, Inoýatowa gürrüň berýär.


Soňky ýyllarda Täjigistanda maýyplaryň durmuşyny gowulandyrmakda ösüş görünýär diýip, BMG-niň Täjigistandaky Mydamalyk Rezident Utgaşdyryjysynyň maýyplara dahyllylyk boýunça maslahatçysy Farida Alibhaşowa aýdýar.


"Prezident Emomali Rahmon 2018-nji ýylda maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa gol çekenden bäri, oňyn ýagdaýlar görünýär. Biz Konwensiýanyň tiz wagtda tassyklanjakdygyna örän umyt edýäris. Bu bolsa jemgyýetimize dahylly ösüşleri çaltlandyrar" diýip, Alibhaşowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.


Ol maýyplaryň kynçylygyny öz gözi bilen görýär, sebäbi onuň özi ençeme ýyldan bäri maýyplaryň arabasynda hereket edýär. Onuň sözlerine görä, Täjigistanyň gündelik durmuşynda maýyplaryň zerurlyklaryny nazara almak üçin, köp işler edilmeli. Häzire çenli jemgyýetçilik ulaglaryna maýyp arabasynda münüp-düşmek uly görgüçilik, ylaýta-da, beden taýdan gowşak aýallar üçin kynçylyga öwrülip biler. Soňky ýyllarda paýtagtda maýyp arabasyna amatly awtobuslar peýda boldy, emma käbir sürüjiler maýyp ýolagçylara kömek bermekden saklanýarlar diýip, Alibhaşowa aýdýar.




«Bir gezek ejem ikimiz awtobus duralgasynda durkak, awtobus geldi. Düzgüne görä, sürüjiniň borçlaryna daşaryk çykmak, rampany çekip, ýolagçynyň maýyp arabasynyň içeri girmegine kömek etmek degişli. Ýöne sürüji ýerinden gozganmady. Ýolagçylar meni maşynyň içine girmäge howlukdyrdylar. Olar maňa-da, özlerine-de zyýan ýetirip bilerdiler» diýip, Farida ýatlaýar.


Jemgyýetçilik ulaglarynda maýyp arabalary üçin ýeterlik ýeriň bolmazlygyna – rampalaryň, göteriji liftleriň, giň gapylaryň ýoklugyna entek ýeterlik üns berilmeýär.


«Köplenç edaralarda ginekologiki oturgyçlar ýa-da awtomatlaşdyrylan düşekler ýok. Lukmanlar bolsa maýyp aýallary göwreli eneler hasaplamaýarlar, olaryň reproduktiw saglyk üçin zerurdygyna kembaha garaýarlar" diýip, "Iştirok" atly maýyp zenanlar ligasynyň başlygy Saida Inoýatowa sözüne goşdy.


«Diňe öňe gitmeli»

Hünärmen Dilorom Murodowa hem soňky 8 ýylyň dowamynda maýyp arabada hereket edýär. Ol köçede nätanyş adamlar sadaka bermek üçin jübüsini sermeläninde, göwnüniň ynjaýandygyny aýdýar.


“Gynansak-da, biziň jemgyýetimiziň düşünjesi şeýle. Adamlar maýyp arabada bolanlary başgalardan sadaka garaşýar diýip pikir edýärler. Men elimden iş gelýärkä, dilegçilik etmen, özüm pul gazanaryn" diýip, Dilorom aýdýar.


Häzir ol okuw sapaklaryny hem geçirýär, öz ukybyny hem başarnygyny beýleki aýallar bilen paýlaşýar.




“Men jorap örmek bilen elbukja işleri boýunça sapak berýärin. Doly kurs 15 güne çekýär, gün aşadan 3 sagat dowamynda sapak berýän. Işiň jikme-jikliklerini görkezýärin, soňra okuwçylara ukyplaryny berkitmek üçin, öý işlerini tabşyrýan" diýip, Dilorom okuw işleri barada aýdýar.


Dilorom başgalara kömek bermäge özünde güýç tapýar: ol ýetim çagalar, garrylar öýündäkiler üçin geçirilýän haýyr-sahawat çärelerine gatnaşýar.


– Men ýetimler öýüne örülen joraplary, öňlükleri iberýän. Garrylara egne atar ýaly ýapynja, örme gysga joraplary berýärin. Olara her ýylda bir gezek kömek etjek bolýaryn. Häzir Remezan aýynda-da olara sowgat etmegi ýüregime düwýän.


Biziň gürrüňdeşligimiziň dowamynda Diloromyň edip başlan gara monjukly elbukjany eýýäm tamamlady. Muny ol Hojantdaky müşderä ibermekçi. Şeýle önümleriň biri 4-5 gün talap edýär.




«Sagdyn eller bu işi bir günde edip biler. Ýöne şonda-da, meniň işim maňa lezzet berýär, hünärim bolmasa, bütinleý kesele berlerdim» diýýär.


Dilorom bir gün dyz çalyşma operasiýasyny üçin pul ýygnap, aýagynyň herekete gelmegi bilen haj zyýaratyna gitmegi arzuw edýär.


«Goý, aýallaryň ähli arzuwy hasyl bolsun! Men olaryň hiç wagt ruhdan düşmezligini, islendik ýagdaýda öňe gitmeklerini isleýärin. Bar kynçylyklara garamazdan!» diýip, Dilorom aýdýar.