Siriýada ýüzlerçe asuda raýatyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigi aýdylýar
Siriýanyň hökümet güýçleriniň soňky günlerde alewit azlyklaryna degişli asuda raýatlaryň ýüzlerçesini öldürendigi habar berlenden soňra, Birleşen Milletler Guramasy we Birleşen Ştatlar siriýa häkimiýetlerini gyssagly çäre görmäge çagyrdy.
Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça obserwatoriýasy 8-nji martda Latakiýa welaýatynda agdarylan Başar al-Asad režimine wepadar söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda iki gün dowam eden çaknyşyklarda alewit azlyklaryna degişli 745 asuda raýatyň öldürilendigini özüniň anyklandygyny aýtdy.
“Siriýanyň demirgazyk günbataryndaky kenarýaka sebitlerde asuda raýatlaryň öldürilmegi bes edilmeli” diýip, BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Wolker Turk 9-njy martda beren beýanatynda aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Siriýanyň wagtlaýyn hökümetini soňky günlerde “Siriýanyň azlyk toparlaryna garşy alnyp barylýan gyrgynçylyklara” gatnaşan “radikal yslamçy terroristleri, şol sanda daşary ýurtly jihadçylary” jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.
“Birleşen Ştatlar Siriýanyň dini we etniki azlyklaryny goldaýar” diýip, Rubio 9-njy martda beren beýanatynda aýtdy.
Siriýanyň adam hukuklary boýunça obserwatoriýasyna görä, zorlukda 1000-den gowrak adam, şol sanda azyndan 125 hökümet gullukçysy we Asada wepadar 148 adam heläk boldy.
Esewan ediji topar asuda raýatlardan bolan pidalaryň köpüsiniň “hökümet güýçleri we ýaran toparlar” tarapyndan ýakyn aralykdan atylyp öldürilendigini aýtdy.
Eýran hem-de Russiýa bilen ýaranlyk eden Asad režimi dekabrda hökümetden agdarylandan soňra bolup geçen iň erbet zorluk boýunça çaknyşyklar 6-njy martda ýüze çykdy.
Roýters we Al-Jazeera aglabasy esasan aýallardan, çagalardan we garry adamlardan bolan onlarça adamyň Russiýanyň Latakia welaýatyndaky Hmeýmim harby bazasyna bosup barandygyny habar berdi. Rus häkimiýetleri bu boýunça bada-bat teswir bermedi.