Maryda we Lebapda nagt gytçylygy gaýtadan güýçlenýär
Şu günler Mary we Lebap welaýatlarynyň şäher we oba ýerlerinde soňky wagtlarda nagt gytçylygy gaýtadan emele gelip başlady, bankomatlaryň öňünde nobatlar ulalýar. Bular barada sebitlerdäki habarçylarymyz 7-nji martda maglumat berdi.
“Her gün irden 5-de turup, bankomatyň öňünde nobata ýazylýaryn. Kä günler bankomatyň öňünde 100 adam ýygnanýar, olardan bary-ýogy 20-30 adam pul nagtlaşdyryp bilýär” diýip, Mary welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjysy aýdýar.
Şuňa meňzeş nobatlar Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezindäki bankomatlaryň öňünde hem peýda bolýar.
“Türkmenabat şäheriniň Zelili hem-de Nyýazow köçeleriniň ugrundaky bankomatlaryň öňünde ertirden agşama çenli nobatlar emele gelýär. Nobatlarda adam sany 200-den aşýar” diýip, gündogar welaýatdaky çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanda birnäçe ýyl mundan ozal ykdysady kynçylyklaryň has-da ýitileşen döwürlerinde şuňa meňzeş bankomat nobatlary ýygy-ýygydan emele gelýärdi. Adamlar pul nagtlaşdyrmakda bir topar kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardy. Ýurtda indi ýyllarboýy dowam edýän şeýle problemalar soňky wagtlarda gaýtadan ýitileşip başlady.
Günüň dowamynda bank kartlaryndan 800 manat nagtlaşdyryp bolýar. Adamlar has köp pul nagtlaşdyrmak üçin birnäçe gezek bankomatlara gatnamaly bolýar.
Ýol söküp pul nagtlaşdyrylýar
Ýurduň günorta-gündogar welaýatynda çet sebitleriň ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmak üçin özleriniň uzak ýol söküp sebit merkezine gatnamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.
“300 kilometrden gowrak ýol söküp, Serhetabatdan Mary şäherine awtobusda ýa-da hususy takside gatnamaly bolýarys. Bu, hem wagt alýar, hem gymmat düşýär. Ýöne bu ýerde başga bir mesele bar – şonça ýol söküp, Mary şäherine barandan soňra, bankomatlarda pul tapdyrmasa has-da kyn bolýar” diýip, ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän Serhetabat şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Lebap welaýatynda hem oba ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmak üçin ýol geçip, sebit merkezine gatnamaga mejbur bolýarlar.
Çärjew etrabynyň gündogar obalarynyň ýaşaýjylary diňe pul nagtlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherine gatnamak üçin özbaşdak bir çözgüt tapypdyrlar.
"Ýol çykdajylarymyzy tygşytlamak üçin, obamyzda 20-ä golaý adam bolup, tutuş bir awtobusy kireýine tutduk. Kartlarymyzdaky pullarymyzy nagtlaşdyrmak üçin, üýşüp, Türkmenabada gitdik. 20 adam bolup, tutuş bir gün sarp etdik, şonda-da pullarymyzy nagtlaşdyryp bilmedik” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.
Öňler şeýle halatlarda adamlaryň bir-biregiň kartlaryny çöpläp, köp adam bolup üýşüp ýörmän, bir adamyň gidip, pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan pursatlary hem bolupdy.
Türkmenistanda geçen on ýyllygyň dowamynda maliýe pudagy tapgyrlaýyn esasda sanly ulgama geçirildi – ilatyň zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilip başlandy. Bu ýagdaý öz ýany bilen täze problemalary hem getirdi. Adamlar bank hasaplaryna geçirilen pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekdi.
Töleg terminallary işlemeýär
Aýyň başlarynda şeýle problemalar has-da ýitileşýän ýaly bolup görünýär. Zähmet haklaryny bank hasaplaryna kabul edip alan adamlar pullaryny gyssagly nagtlaşdyrmaga çalyşýarlar.
“Sebäbi, meselem, Marynyň bazarlarynda köplenç diňe nagt hasaplaşyk kabul edilýär. Kart bilen söwda edip bolanok, iň ýönekeý zat – çörek ýa-da süýt aljak bolsaňam, nagt pul gerek” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Ýurduň maliýe pudagyndaky sanlylaşma tagallalarynyň arasynda, dükanlara töleg terminallary ornaşdyryldy. Ýöne adamlar bu terminallaryň hem arkaýyn hözirini görüp bilmedi, bir ýerde terminal işlese, başga ýerde onuň işlemeýän halatlary köp boldy.
Bu ýagdaý adamlary öz pullaryny bankomatlardan mümkin boldugyndan gyssagly nagtlaşdyrmak üçin has köp synanyşmaga iterdi.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça ýurduň maliýe resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Häkimiýetler pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalaryň mümkin bolan sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermeýär. Maliýe ýolbaşçylary resmi hasabatlarda ýurtda bank kartlaryndan peýdalanýan raýatlaryň, şeýle-de bank hyzmatlarynyň, bankomatlaryň hem-de töleg terminallarynyň sanynyň artdyrylýandygyny gaýtalaýar. Ýöne bankomatlara salnan pullar derrew çekilip gutarylýar, nagt pul ýetmezçiliginiň arasynda, raýatlar nagt nobatlaryna garaşyp gün geçirýär.
Mary şäherinde bir bank işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde bankomatlara her gün irden hem-de günortan pul salynýandygyny aýdýar.
“Ýöne salynýan pullar 10-20 minudyň içinde nagtlaşdyrylyp gutarýar” diýip,maryly ýaşaýjylar aýdýar.
Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi özleriniň pul nagtlaşdyrmak boýunça, bankomatlardan daşgary hem, dürli çykalgalara ýüz urýandyklaryny aýdýarlar.
“Käbir dükanlar 5-10 % komissiýa bilen pul nagtlaşdyryp berýär. Nagt kynçylygy indi ençeme ýyl bäri dowam edýär, ýöne soňky wagtlarda ýene-de ýitileşip başlady” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.