ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Balkanda mallaryň arasynda ýaýraýan guduzlamanyň ilata ýokuşandygy güman edilýär, birnäçe oba karantine alyndy

0
Balkanyň Eýran bilen serhetleşýän we Lebabyň Owganystan bilen serhetleşýän käbir obalarynda iri we ownuk şahly mallarda guduzlama keseli ýaýraýar. Balkanda keselçiligiň ýerli ýaşaýjylara ýokuşandygy güman edilýär.


Bu ýagdaýlar, häkimiýetleriň birnäçe obany karantine almagyna getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 7-nji martda Balkandan we Lebapdan maglumat berdiler.


“Magtymguly etrabynyň Hojagala, Könekesir we Ýartygala serhetýaka obalarynda iri şahly mallarda guduzlama keseli anyklanyp, bu obalary wagtlaýyn karantine ýapdylar. Obalarda sygyr sagýan, mal bakýan ýaşaýjylary we gassaplary guduz keseline garşy 15 günlük bejergi almak üçin etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölümine mejbury ýatyrdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Ýerli saglyk işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, häzir mallardan guduz keselçiligi ýokuşmakda güman edilýän 200-den gowrak adam hassahanalarda ýatymlaýyn bejergi alýar.




“Ýene 500-den gowrak oba ýaşaýjysy ätiýaçlyk üçin guduza garşy gatnap göbekden sanjymlary alýar. Adam ölümi heniz hasaba alynmady. Lukmanlar her bir adamyň beden gyzgynyny ölçäp durlar. Guduz keseli ýokuşan adamlarda beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, baş aýlanmak, ysgynsyzlyk ýaly dümew alamatlaryna meňzeş saglyk näsazlyklary ýüze çykýar” diýip, ýerli saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Oba ýaşaýjylarynyň saglyk bejergisi özleriniň hasabyna amal edilýär. Guduzlama garşy 12 gün gatnap sanjym alýan ýaşaýjylar her bir sanjym üçin 100 manat, jemi 1200 manat tölemeli bolýarlar.


Mallaryň eýelerine topulmagy

“Ýatymlaýyn bejergi alýanlaryň çykdajysy has-da köp. Olar her gün üçin 250-400 manat aralygynda çykdajy edýärler. Oba adamlarynyň köpüsinde saglyk ätiýaçlandyrma ýok. Çykdajylar tas ähli hojalyga gaty agram salýar” diýip, ýartygalaly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Ýaşaýjylaryň we ýerli weterinarlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, bu saglyk ýagdaýlary, Eýran bilen serhetýakada ýabany şagallaryň we möjekleriň guduzlap, obalardaky sygyrlaryň birnäçesine topulyp, olary dişlemegi bilen başlanypdyr.


“Geçen hepdäniň ahyrynda mallaryň agzyndan ak köpük akyp, olary sagýan aýallaryň ençemesini dişlediler. Mallaryň gözleri zat görmän, eýesine hüjüm etmegi ýaly wakalar hem boldy. Onlarça sygyr haram öldi. Adamlar ýerli weterinarlary çagyranda, iri şahly mallarda guduzlama anyklandy. Şondan soň, örüde bakylýan mallaryň tas ählisi we çopanlary, olaryň maşgala agzalary hassahana ýerleşdirildi we obalar wagtlaýyn karantine ýapyldy” diýip, Könekesir obasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Oba itleri we pişikleri öldürildi

Munuň bilen bir wagtda, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli işgärleri obalara aýlanyp, resminamasy bolmadyk itleriň we pişikleriň tas ählisini öldürdiler.


“Pasporty bar bolan itleriň we pişikleriň soňky alty aýyň dowamynda guduzlama garşy sanjym alandygy ýa-da almandygy barlanyp, sanjym edilen haýwanlara degmediler” diýip, ýagdaýlardan habarly etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Mallaryň guduzlamagy bilen bagly wakalar şu günler Lebabyň Owganystan bilen serhetýaka sebitlerinde hem ýüze çykýar. “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” (ozalky Zeýit) suw howdanynyň golaýynda mallary bolan mal eýeleriniň birnäçesi guduzlama zerarly ownuk şahly mallaryň onlarçasynyň haram ölendigini aýdýar.


Kömek ýok, sanjym ýok

“Meniň goýunlarym Ymamnazar-Akina serhet geçelgesine ýakyn ýerlerde, Zeýit howdanynyň golaýynda otlaýarlar. Çopan maňa jaň edip, mallaryň saglygynyň ýaramazlaşandygyny aýtdy. Olaryň ilki iýmitlenmekden galýandygyny, geň hereketler edýändigini, käbirleriniň bolsa hiç zada düşünmän, ýerinde aýlanyp başlaýandygyny aýtdy. Agzyndan köpüklenen tüýkülik akýan mallar ahyrsoňy heläk bolýar. Biz muny guduzlama keseli bilen baglanyşdyrýarys, sebäbi bu sebitde ozal hem şeýle ýagdaýlar bolup geçipdi” diýip, mal eýeleriniň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Mal eýeleri keselçiligiň ýaýraýandygyny, sebitiň golaýynda ýerleşýän ýerli häkimiýetlerden kömek sorap edýän ýüzlenmeleriniň jogapsyz galýandygyny belleýärler.


“Ýurtda mallar üçin zerur bolan sanjymlar hem birnäçe ýyl bäri tapdyrmaýar. Ilat ony öz hasabyna almaga hem synanyşýar, emma hiç ýerde tapdyrmaýar” diýip, lebaply ýene bir maldar anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebit häkimiýetlerinden, şol sanda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanda iri we ownuk şahly mallaryň, şeýle-de düýeleriň näbelli kesellerden köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly wakalar soňky ýyllarda ençeme gezek ýüze çykdy.


Türkmen häkimiýetleri we mediasy mallaryň arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolan keselçilikleri we gyrgynçylyklary agzamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.