ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen ýolbaşçysy Aşgabatda gurulýan çagalar keselhanasyna bardy

0
Aşgabatda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi gurulýar. Bu saglyk edarasynyň gurluşyk meýdançasyna öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda baryp görüpdir.


Türkmenistanyň resmi metbugaty habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk edarasynyň arhitekturasynyň aýratynlyklary, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleri bilen tanyşypdyr.


Käri boýunça lukman Berdimuhamedowyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, bezeg aýratynlyklaryny Aşgabat şäheriniň binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berendigi resmi maglumatda aýdylýar.


Bu ýagdaý ýurtda çagalaryň arasynda dem alyş keselleriniň tutaşan döwrüne gabat geldi. Ýurt resmileri we döwlet mediasy keselçilige degişli ýagdaýy we statistika sanlaryny agzamady.


Käri boýunça lukman Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-2022 ýyllar aralygyndaky prezident bolan döwründe ýurtda täze saglyk merkezleriniň onlarçasy guruldy.


Emma kaşaň binalara döwlet gaznasyndan millionlarça amerikan dollary sarp edilýärkä, ýurtda medisina hyzmatlarynyň gymmatlygy ilat köpçüligi üçin esasy medisina kömeginiň elýeterliligini çäklendirdi.


Saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň hiliniň gowşaklygy ilatyň daşary ýurtlara medisina syýahatçylygyna bat berdi.