NYT: Ak Tam birnäçe ýurduň raýatlaryna ABŞ giriş gadaganlygyny taýýarlaýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, käbir ýurtlaryň raýatlary üçin ABŞ-a täze syýahat gadaganlygy üstündäki işini tamamlap barýar diýip, Nýu-Ýork Taýms çeşmelerine salgylanyp, habar berýär. Bu gezek çäklendirmeleriň Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe girizilenlerden has giň boljakdygy bellendi.
Gazetiň çeşmelerine görä, raýatlarynyň ABŞ-a girmegi gadagan ediljek ýurtlaryň "gyzyl" sanawyny düzmek teklip edilýär. Häzirki sanaw esasan öňki gezek kesgitlenen ýurtlary öz içine alýar, olaryň arasynda Kuba, Eýran, Liwiýa, Demirgazyk Koreýa, Somali, Sudan, Siriýa, Wenesuela we Ýemen agzalýar.
Mundan öň “Roýter” habar gullugy Pakistanyň we Owganystanyň raýatlary üçin ABŞ girmegi gadagan etmegiň güýje girip biljekdigini habar beripdi.
Şeýle hem ýurtlaryň “sary” sanawyny döretmek teklip edilýär - bu başga ýurtlaryň raýatlaryna giriş çäklendirmelerini girizmegi göz öňünde tutýar.