ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Güýç edaralaryň işgärleri zenanlary jynsy gatnaşyga çekmek üçin wezipesinden peýdalanýarlar

0
Türkmenistanda güýç edaralaryň işgärleriniň öz wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýal-gyzlara basyş etmek, şol sanda olary jynsy gatnaşyklara çekmek üçin ulanmagy bilen bagly köpçülige mälim bolan hadysalar köpelýär. Türkmen kanun goraýjylarynyň bikanun hereketiniň pidasy bolan ýene bir raýat barada "Türkmen.news" neşiri habar berdi.


Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgäri, onuň bilen jynsy gatnaşyklardan ýüz öwüren zenany ýurtdan çykmagy gadagan edilen raýatlaryň sanawyna goşdy diýlip, garaşsyz neşiriň 3-nji martda çap eden maglumatynda aýdylýar.


Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Zöhre Koçewa eýýäm 1,5 ýyl bäri Türkmenistandan çykyp bilmän kösenýär we ol hakykaty gözläp almagy başaran resmi düşündirişinde ýene-de 1,5 ýyla golaý wagtlap ýurtdan çykarylmajagyny bilip galypdyr.


Zöhre Koçewa garaşsyz neşire beýan eden öz ýagdaýyny Azatlyk Radiosyna hem tassyklady.




Zenan 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda pasportyny uzaltmak we durmuşa çykandygy sebäpli, familiýasyny üýtgetmek üçin Türkmenistana barýar. Şeýle-de, ýaş zenan öz maşgala agzalaryny görmek isleýär, emma Türkmenistana baran badyna uly kemsitmelere we bikanunçylyga sezewar bolýar diýip, "Türkmen. news" Zöhre Koçewanyň ýagdaýyny beýan edýär.


Migrasiýa "barlagy"

Migrasiýa gullugynyň işgärleri şol gije sagat ikide gelen reýsden düşen zenany aýratyn bir otaga alyp barypdyr. Onuň telefonuny elinden alyp, telefonuny we şahsy zatlaryny dörüpdir.


Zenany kemsidip, adyna paýyş sözleri ulanyp, migrasiýa işgärleri ony Türkiýede ten satmakda aýyplamakdan hem gaýtmandyr. Ýaş zenanyň özüne edilýän hüjüme garşy durup, Türkiýede kosmetolog bolup işleýändigini aýtmagyna garamazdan, aeroportuň işgärleri hem zenanyň, hem-de onuň adamsynyň adyna paýyş sözleri ulanypdyr.


Soňra zenany başga bir oraga geçirenlerinde 35 ýaşlaryndaky Oraz atly erkek adam baryp, Zöhreden jynsy gatnaşyk etmegi talap edipdir. Ol zenana onuň şertlerini kabul etmeli boljagyny we ýa-da hiç haçan ýurtdan çykarylmajagyny duýduryp, 15 müň amerikan dollaryny para bermegi we jynsy gatnaşyga razy bolmagy talap edipdir.


Bu adam "Näme üçin türki saýlap aldyň, türkmenler has gowy" diýen sözleri has aýylganç görnüşde aýdypdyr.


Zenan özüne edilen basyşlara garşy durupdyr, 6 sagatlap dowam eden şeýle gysyşlardan soň ony goýberipdirler.


Azatlyk Radiosy agzalan bu ýagdaý barada Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden we migrasiýa wekillerinden teswir alyp bilmedi.


Zöhre Koçewa barada "Türkmen.newsda" çap bolan maglumata görä, Oraz atly şol adam basyşlaryny soň hem etdiripdir we telefon arkaly jaňlaryny dowam etdirip, öz şertleri kabul edilmese, zenanyň ýurtdan çykarylmajagyny aýdypdyr.


Bu ýagdaýlaryň ählisi Türkmenistana göwreli baran zenana agyr täsir ýetirip, ol çagasyny ýitiripdir.


Pasport täzelendi, emma ýurtdan çykyp bolmady

Zenan pasportyny täzeläpdir, emma ähli dokumentleriniň we wizasynyň bolmagyna garamazdan, ol ýurtdan çykjak bolanda goýberilmändir, oňa sebäbi düşündirilmän migrasiýa gullugyna ýüz tutmak maslahat berlipdir. Mary welaýatynyň migrasiýa gullugynda çäklendirmeleriň ýokdugy we Türkiýe tarapyndan hem hiç hili päsgelçiligiň ýokdugy anyklanypdyr.


Zenan paýtagtdaky migrasiýa gulluga ýüzlenende Türkmenistanyň Migrasiýa kanunynyň 30-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 9-njy maddasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli ýurtdan çykmagyň çäklendirilendigini bilip galypdyr. Zenan daşary ýurtlarda kanuny bozanlar üçin syýahat etmegi gadagan edýän bu maddanyň özi babatynda ulanylmagyna geň galýar we özüniň abraýly durmuşda ýaşaýandygyny aýdýar.


Ýaş zenan 2013-nji ýylda Türkiýä okamak üçin barypdyr, soň şol ýurtda kanun esasynda işläpdir we türk raýatyna durmuşa çykypdyr.


Zöhre özi üçin adalat gazanmak we özüniň duçar bolan ýagdaýyny prezidente ýetirmek isleýär. Mundan başga-da, ýaş zenan MHM-niň işgäriniň ahlaksyz we bikanun hereketlerine ünsi çekýär diýip, garaşsyz neşir ýazýar.




Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bikanun hereketlere baş goşmagy, şol sanda öz wezipesinden peýdalanyp, aýallary jynsy gatnaşyga çekmäge synanyşmagy bilen bagly ýagdaýaryň ençemesi öňem köpçülige mälim bolupdy.


Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Mary we Daşoguz welaýat bölümleriniň işgärleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny bermegiň öwezine aýal-gyzlardan para-peşgeş talap etmek, kä halatlarda olary jynsy gatnaşyga zorlamak ýaly işler bilen meşgullanýandygyny 3-nji martda Azatlygyň habarçylary habar berdiler.


Şonda Azatlygyň çemeleri bu problemanyň ençeme ýyl bäri dowam edýändigini belläpdi. Şeýle wakalaryň köpüsi köpçülige mälim bolman galýar.


Türkimenistanda raýatlar ýurtdan çykmakda uly kynçylyklara duçar bolýarlar. Azatlygyň habarçylary soňky ýylyň dowamynda sebäbi düşündirilmezden ýurtdan çykarylmadyk raýatlaryň onlarçasy barada habar beripdi. Olaryň arasynda Türkiýede durmuşa çykan we pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baryp, ýurduň daşynda goýberilmedik zenanlar bar.


Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň daşary ýurtlardaky konsullyklarynda pasport berilmeýär, olar watanyna dolanmaga mejbur bolýar.


Şu ýylyň başynda Türkiýäniň iki raýaty Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň prezidentine ýüzlenip, öz aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soradylar.


Azatlyk Radiosyna ýüz tutan bu türk raýatlary öz problemasyny köpçülige eşitdirmek islediler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.