ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar

0
Balkanda ulanylan awtoulaglaryň bahasy soňky alty aýyň dowamynda 50% çemesi gymmatlady. Telekeçileriň ençemesi gymmatlamanyň sebäbini häkimiýetleriň “ulanylan transport serişdeleriniň importyny çäklendirmegi” we “söwdagärlerden hytaý ulaglaryny getirmegi talap edýändigi” bilen düşündirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda sebitden maglumat berdi.


“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki awtoulag bazarlarynda ilat arasynda köp islegden peýdalanýan Toyota, BMW, Lexus, Kia ýaly awtoulaglar ulanylandygyna we ýylynyň köne bolmagyna garamazdan, bahasy gymmatlady” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Bu bazarlara aýlanyp gören habarçymyz gymmatlan ulaglaryň käbiriniň mundan alty aý ozalky we häzirki bahalary barada hem maglumat berdi.




“2015-nji ýylda zawoddan goýberlen Toyota Land cruiser Prado 35 müň dollar bahalanýar. 2011-nji ýylda zawoddan goýberlen Prado 26 müň dollara deň. Bularyň ýarym ýyl ozalky bahalary degişlilikde takmynan 25 müň we 15 müň dollara barabardy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Häzir 18 müň dollar çemesi bahalanýan, 2018-nji ýylda zawoddan goýberlen “Toyota Camry” kysymly ulagy alty aý çemesi ozal 12-13 müň dollara satyn alyp bolýardy.


Awtoulag söwdagärleriniň ençemesi gymmatlamanyň sebäbini häkimiýetleriň “ulanylan transport serişdeleriniň importyny çäklendirmegi” bilen düşündirýär.


"Hytaý ulaglaryny getiriň"

“Häzir Dubaýdan getirilýän dürli, şol sanda Toyota, BMW, Lexus, Kia ýaly awtoulaglaryň ýurda getirilmeginde uly päsgelçilikler bar. Türkmen gümrük resmileriniň ulaglaryň tehniki guratlygy ýa-da beýleki zatlary bilen bagly dürli bahanalary mysal getirip, olary ýurda goýbermezligi bilen baglanyşykly wakalar göz-görtele köpeldi. Olar anyk resmi düşündiriş bermeýärler” diýip, awtoulag söwdagäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Söwdagärler Döwlet gümrük gullugynyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleriniň özlerinden Hytaýda öndürilen ulaglary Türkmenistana getirip satmagy dilden talap edýändigini hem aýdýarlar.


“MHM we gümrük resmileri “Hytaý Türkmenistandan köp mukdarda gaz satyn alýar, öz gezeginde, Türkmenistanda hem hytaý ulaglaryny satyn almaga borçly. Şol sebäpli Türkmenistana hytaý ulaglaryny getiriň. Bu, ýokardan edilýän talap” diýip aýdýarlar” diýip, balkanabatly ýene bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.




Hytaý ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň esasy gaz müşderisidir.


Telekeçiler çäklendirmäniň netijesinde, ýurtda Toyota, BMW, Lexus, Kia ýaly awtoulaglaryň sanynyň göz-görtele azalandygyny we munuň ýurtda bar bolan ulaglaryň bahasyna täsir edendigini belleýärler.


Şol bir wagtda, olar nemes we ýapon ulaglarynyň Türkmenistanyň ýol we howa şertlerine has çydamlydygyny aýdyp, bulara ilat arasynda islegiň ýokarydygyny nygtaýarlar.


Hytaý ulaglary

Soňky alty aý bäri ýurtda hytaý ulaglarynyň sany hem göz-görtele köpeldi. Habarçymyz bu ulaglaryň ýolda hatardan çykmagy, tekerleriniň döwülmegi bilen bagly wakalaryň köp bolýandygyny aýdýar.


“Bu ulaglarda öz-özünden ýangyn döremegi bilen hadysalara hem hasaba alnyp başlandy” diýip, sebitiň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiz aýtdy.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Döwlet gümrük gullugyndan teswir alyp bilmedi.


Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurda goýberilýän awtoulag brendleri we olaryň zawoddan goýberlen senesi bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. 2023-nji ýylda häkimiýetler 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglary tehniki barlagdan geçirmegi çäklendirdiler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.